Magtymguly pyragy

ÇORBA/Akýüwrük

Taýýarlamak üçin: 
200 g tüwi
1½ l suw
5 nahar çemçesi gatyk
1 göni nahar çemçesi duz
1 nahar çemçesi dogralan täze şibit (ukrop)
1 nahar çemçesi dogralan täze petruşka
1 diş sarymsak
1 çümmük gyzyl burç
1 çümmük gury harpyz



Gazana suw guýup, duz atyp, otda goýmaly. Tüwini ýuwmaly, suw gaýnanda tüwini atmaly. Tüwi bişende oduny öçürmeli we biraz sowar ýaly bulamaly. Soň onuň üstüne az-azdan gatyk guýmaly we gatyk kesilmez ýaly bulap durmaly. Sarymsagy (gyrmaly), şibitdir petruşkany (ownuk dogramaly), gyzyl burç we narpyz bilen garmaly we naharyň üstüne sepelemeli.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder