Magtymguly pyragy

DÖNMENEM BEGLER

Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler!


İlim üçin şirin jandan geçer men,
Düldül münüp, ganat baglap uçar men,
Namart dälem, hakdan kasam içer men,
Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler!


Ýesir galmaz, oglan-uşak aglaýyp,
Oda düşmez, aşyk ýürek daglaýyp,
Men hem şu gün Murtezadan çaglaýyp,
Kasam kyldym, ondan dönmenem, begler!


Tomaşa eýläňler kylan urşuma,
Ýüz müň leşger çyka bilmez garşyma,
Är ýigit men, mertlik bilen durşuma,
Oda urarlar, men hem ýanmanam, begler!


«Är men» diýen çyksyn bile ýörmäge,
Leşger tartyp, Mirhaýdary urmaga,
Il-gün üçin şirin janym bermäge
Urdum başym, şertden synmanam, begler!


Hak ezelden saldy meni bu ýola,
Jan bermeýen, diri düşmenem gola,
Tomaşa kylyňlar bulanan sile,
Niçe gan ýuwutdym, ganmanam, begler!


Ärden öndüm, ärlik bilen öler men,
Kim dostum, duşmanym—parhyn biler men,
Söweşde aglaman, şat men, güler men,
Namart bolup, dünýä inmenem, begler!


Ýat kylar men Göroglyny, Zamany,
Aly Murtezany — Şahymerdany,
Rustem, Zal, Isgender, Gajar pälwany,
Orta atdym, köpün sanmanam, begler!


Seýdi çykdy atyn, ýaragyn besläp,
Gan gördi gözlerim, ýürek höwesläp,
Gaçmanam, öler men, köp leşger isläp,
Söweş üçin çykdym, dönmenem, begler!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder