Magtymguly pyragy

GYZGYN NAHARLAR / PALAW

Taýýarlamak üçin: 
1 kg. ete - 1,5 - 2 kg. tüwi, 
0,5 kg. käşir, 250 gr. ýag (ösümlik ýaglary ýa - da mesge), 
4-5 düýp sogan, 
duz we burç gerek.




Palaw bu hem türkmenleriň gadymy naharlarynyň biridir. Muny taýýarlamak üçin, malyň jylka eti 30 - 40 gr. möçberde böleklere bölünýär. Soňra duzlanyar we bir salym goýulýar.

Käşirler daşy arassalanyp, 5-8 sm. uzynlykda böleklenýär. Diiýp sogan iriräk dogralýar. Gazana atyljak tüwi arassalanýar, ýagny omm içinden hapa ýa - da çüýrük däneler saýlanyp aýrylýar we ol bii salym sowuk suwda goýulýar hem ýuwulýar.
Soňra gazana (adatça çoýun gazana) ýag guýup ýakylýar, oňa eli atyp gowurmyşlamaly. Etiň üstüne düýp sogan hem atylýar. Soganlai gyzaryberdigi, käşiri hem atmaly we ýene gowurmyşlamaly. Soňra bolsa, üstünden gaýnag suw guýulýar we gazanyň agzyny açyk goýup birsalym gaýnatmaly. Soň, ody peseldip, duz atmaly. Eti bişýänçä agzyny ýapyp gaýnatmaly.
Soňra tüwüni atmaly. Tüwüsi atylandan soňra nahara ýene gaýnag suw guýulýar. Suw tüwüden 2-3 sm. ýokarda bolmaly. (Deň gaýnar ýaly gazanyň aşagyna oduň gyradeň düşmegine üns bermeli). Soňra duzuny laýyklap. (suwy gowy çekilýänçä degmeli däl) gaýnamagyny ýene dowam etdirmeli. Suwy gowy çekilenden soň, ody peseldip gazanyň agzyny mäkäm ýapmaly we odyny peseltmeli. (Buglary daş çykmaz ýaly, galyňrak mata bilen gazanyň agzy saralsa, bu naharyň has - da gowy bişmegine ýardam edýär). 25 - 30 minutdan soňra etli - käşirli bölegine degmän, diňe tüwüni gowy agdarmaly.
10 - 15 minut goýup, soňra ýeijp bir gezek agdarmaly. (Ýöne tüwüni iki gezekden köp agdarmasaň gowy, çünki onda tüwi tiz eräp, dargap, naharyň hiliniň üýtgemegi mümkin).
Palawy has tagamlandyrmak iiçin, oňa kişmiş, erik, zire ýa-da diri sarymsak atyp bişirýänler hem bar.
Palawyň taýýar bolanlygy onuň tüwüsiniň bişenligine garalyp kesgitlenýär. Eger - de tüwüsi ýumşak, hat - da pytrap duran bolsa, bu palawyň gowy bişenliginiň nyşanlarydyr. (Bardy - geldi tüwi barybir gatyrak görünse, hemme ýerine deňräk düşer ýaly edip, 0,5 käse gaynag suw sepeleşdirmeli. (Ýöne muný diňe 1 - nji gezek agdarylanda etmek bolýar).
Palaw tabaklara guýlup, saçaga äberilende, adatça, tüwi we käşir garyşdyrylyp, etler bolsa, iň iistünde goýlup berilýär. Işdä bilen iýilmegi üçin, üstüne gök otlar sepilip, ýa - da ýany bilen pomidor, hyýar, tegelek dogralan düýp sogan äberilýär. Eger (gaýnadyland;i içine digir gara burçdur diş - diş saryrasak hem atylyp gaýna(lyl.m)
pomidor suwy (sogy) ýa - da düýe çaly bolsa has - da gowy bolýar.
* * *
(Palawy mal etine derek guş etini ýa - da balyk, kädi, mäş, alma, beýi salyp hem taýýarlamak bolýar. Ösümlik ýaglary tapylmadyk halatda, ony saryýaga, guýrukýaga, hatda ýilik ýagyna (ýagny 300 gr. möçberdäki sygyr süňküniň ýiligine) hem taýýarlamak bolýar).

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder