Magtymguly pyragy

GYZGYN NAHARLAR / KAKMAÇ

Taýýarlamak üçin: 
1 kg ete - 40 g. goýun ýagy
2,5-3 kg kartoşka
duz we burç gerek.



Jylka eti hersiniň agramy 50 - 100 gr,, galyňlygy bolsa 1 - 1,5 sm. bolar ýaly möçberde bölekler edip, olary paltanyň çüwdesi ýa - da başga bir saldamly enjam bilen ýençgilemeli. Soňra oňa duzdur gara burç sepip, mukdary kän bolmadyk guýruk ýaga ýa - da ýönekeý goýun ýagyna 12 - 15 min. gowurmaly (gowrulan wagty kakmajyň iki tarapynyň hem bişmegine üns bermeli).
Aýratynlykda gowrulan kartoşka taýýarlamaly. Munuň üçin dilimlenen kartoşka bölejiklerini bol ýag içinde gyzaryp ugraýança gowurmaly. Saçaga äberilende kakmajy gowrulan kartoşkanyň ýanyna goýup, üstüne kerçelen gök otlar sepilýär.

(Kartoşka gowruljak ýag reseptiň düzüminde görkezilmedi).

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder