Magtymguly pyragy

30 Eylül 2015 Çarşamba

Berdinazar Hudaýnazarow Saýlanan Goşgular


  • Türkmenistanym
  • (Watan hakynda goşgy)

  • Sahawatyň salamyňdan duýulýar,
  • Salamda ýüregiň gyzgyny bardyr.
  • Synaga salynýar äden ädimiň—
  • Oturyp-turmaňam düzgüni bardyr.
  •                 
  • Gep-sözüňem ölçegi bar bu ýerde,
  • Az geple, kän diňle — şygaryň seniň.
  • Güler ýüzüň çytylmasyn gelene,
  • Eliňden gitmesin ygraryň seniň.

  • Gursagyň sabyrly, kalbyň şahandaz,
  • Ýeriň bereketli, gögüň güneşli.
  • Gurşunly kenek dek agras türkmenim,
  • Il-günüň bar maslahatly-geňeşli.

  • Pyragynyň parasadyn, pähimin.
  • Howa ýaly sorup alýan Diýarym.
  • Garaşsyz bir döwlet bolduň sen bu gün,
  • Ak ýürekden gözüň aýdyň diýýärin.

  • Hydyr gören guba çölüň göwsünde,
  • Yzarlaýan babalarymyň yzyny.
  • Daşlyň oýundaky mawy
  • ýowşanyň
  • Müň menzilden alýan näzik ysyny.

  • Seni öler ýaly söýmeýän bolsam,
  • Bu zatlary edip bolmaz ahyry!
  • Ak çägäňe ýüzin ýatyp sygynsam,
  • Ne-hä gussa galýar, ne-de agyry.

  • Müň ýyllardan galan miniralarda
  • Eliň görýän tapylgysyz ussanyň.
  • Gadymy höwürtgäm, nowça döwletim
  • Eý, meniň sähraýy Türkmenistanym!

  • Taryhyň ýüz gulaç guýular ýaly,
  • Çümüpdir geçmişiň çuňluklaryna.
  • Diňe şu toprakdan ömür sürmegi
  • Arzuw edýän agtyk, çowluklaryma.

  • Ynanýaryn, bu keremli toprakda
  • Entek beýik-beýik ogullar dörär.
  • Pes belent kişiniň öňüne düşmez,
  • Ýaş kiçi ýaşulyň yzyndan ýörär.

  • Agzybirlik arzuwyňa ýetirsin,
  • Agzybirlik owal-ahyr isläniň.
  • Alnyň açyk bolsun, ýollaryň abat,
  • Eý, eziz döwletim — Türkmenistanym !



  • *****************************************************
  • Goşgular başy

  • Bir-birine göwni ýetsin, ynsanyň,
  • Öz kemine bir azajyk uýalsyn.
  • Aklyň-a bar welin, ýöne goýalsyn,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Ýokarrakda bolsun gyşyk geplerden
  • Döşe kakman, goý, öwrensin köplerden.
  • Öz-özüňi arassala galplardan,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Erkek erkek bolsun, aýalam aýal,
  • Iňňän gadymlardan gelýändir bu ýol.
  • Gursagyňda hyjyw, başyňda hyýal,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Il bolsun, atyny ýeke çapmasyn,
  • Unutmasyn şol gadymy çatmasyn.
  • Ýöntemligi çenden-çakdan ötmesin,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Görogly haýbatly, hemlesi bolsun,
  • Goý, agrasy bolsun, ýeňlesi bolsun.
  • Ýöne her kişiň öz kellesi bolsun,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Agzy aşa ýetse aýnaman bilýän,
  • Synaga salynsa ownaman bilýän.
  • Özüni oýnatman, oýnaman bilýän,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Geplenýän gep, edilýän iş — saz bolsun,
  • Ýüreklerde iman, sözde duz bolsun.
  • Derleýän kän, gürleýäni az bolsun,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Seniň, mähekdaşyň agzybirlikdir,
  • Gedemlik etme, ol köre-körlükdir.
  • Bir baýdaga gulluk etmek ärlikdir,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Öňe gitjek bolma, unudyp yzyň,
  • Türkanarak bolsun geliniň, gyzyň.
  • Bize hemaýat ber, eý, Allam özüň,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,
  • Öz aslyny bilýän, pederin bilýän.
  • Umuman özüniň ederin bilýän,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Biri-biriňi bagryňa bas, dogan diý,
  • Hemmejämiz şu toprakdan dogan diý,
  • Gözel geljegimde gözüm eglendi,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


  • *****************************************************
  • Galkynyş

  • Taryh alyslardan — daşdan başlanýar,
  • Baharyň binýady gyşdan başlanýar.
  • Beýik iş kelleden — başdan başlanýar.
  • Egniň ýokarsynda ser bolsun türkmen.

  • Açyk ýüregiňe bar, açyk eliň bar,
  • Dünýäň dört künjünde gidim-gelim bar.
  • Ata Watanyň bar,
  • Ene diliň bar,
  • Diliňden dökülýän dür bolsun türkmen.

  • Gerçekler bolupdyr meşhurdan meşhur,
  • Göwnüň açyk bolsa, iş bolmaz müşgil.
  • Haýyr işler bilen bolawer meşgul,
  • Ownamasyn, mydam ner bolsun, türkmen.

  • Nakylyň bar: Toýa gitseň, doýup git,
  • Bir pula däl — pähimlere uýup git.
  • Aýbyň bolsa, şu asyrda goýup git,
  • Ýapyşan işiňe jür bolsun, türkmen.

  • Geçdiň ruhy sütümlerden, horlukdan,
  • Hudaýym saklasyn, köre-körlükden.
  • Zyýan çeken dälsiň agzybirlikden,
  • Agzyň elmydama bir bolsun, türkmen.

  • Ýalandan ýadadyk,
  • Indi Çyn gerek,
  • Aň-düşünje, akyl-paýhas çuň gerek.
  • Ynam, iman hemmesinden öň gerek,
  • Ähli zadyň ýerbe-ýer bolsun, türkmen.




  • ****************************************************
  • Hallaryň neneňsi,

  • Taplaryň niçik
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim?
  • Gel, söhbet edeli açykdan-açyk,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Ýüz müň öwüşginden örülen desse
  • Şahyra — şygyr sen, gürrüňçä — kyssa,
  • Ak säheriň nury ýaly arassa —
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Sen meniň gazabym, sen meniň näzim,
  • Ýüregimde gaýnap çykýan owazym.
  • Babalardan miras galan ýalňyzym —
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Halaldan halal süýt emeniň dili,
  • Eý, ynsabyň dili, ynamyň dili.
  • Uzalmasyn saňa ýamanyň dili,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Daňyň çygy, säherleriň süýdi sen,
  • Sallançakda meýmireden hüwdi sen.
  • Doň kalby eredip bilýän jady sen,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Iň agyr günlerde batamda oýa,
  • Öz dilimde nalyş etdim Hudaýa.
  • Seni zaýalasak — özümiz zaýa,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Söýýän, söýýän diýip dilime alman,
  • Harlansaň — aglaýan, gülleseň — gülýän.
  • Ýaşaweri hernä, saralman, solman,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.




  • ****************************************************
  • Bu topragyň ogly bolup ýaşamak
  • Bu topragyň ogly bolup ýaşamak
  • Ýeňil iş-ä däldir, söwer ogullar.
  • Siziň babaňyz-a Magtymguludyr,
  • Bilýänsiňiz, aňryňyzam oguzlar.

  • Müň gowgany geçirendir başyndan
  • Bu topragyň dereleri, kölleri.
  • Göroglylar, Keýmir körler bolupdyr,
  • Bu topragyň beýik penakärleri.

  • Bilýänsiňiz, bu topraga siňipdir
  • Zakgun ýaly ajy ýaşlar, al ganlar.
  • Umydyny size goýup gidipdir,
  • Bu topragyň agysyny aglanlar.

  • Bu topragyň ogly diýdirmek üçin
  • Çabgajyk däl, siňňin ýagyş bolmaly.
  • Awusy, agysy, namysy bolup,
  • On iki süňňüň bilen bagyş bolmaly.

  • A siz kim bolýaňyz, ýeri, ýigitler,
  • Gözüňiz ýip-ýiti, sesiňiz gaty.
  • Şunça syn etsemem tanap bilmedim,
  • Siz kimiň perzendi, kimiň ymmaty?

  • Älhepus, bar zady bilýärsiňiz-de,
  • Diňe özüňizi bilýärsiňiz.
  • Beýle naşy, beýle kiçginekäňiz,
  • Nädip şunça goçak gürleýärsiňiz?

  • Ýok-la sizde bu topragyň gylygy,
  • Onuň keşbi, onuň mähri, tagmasy.
  • Bu ýerlerde nädip peýda bolduňyz,
  • Bagyşlaň, ýöne siz kimiň dogmasy?

  • Haýrandyryn, başga-başga ýerlerden
  • Geläýen-ä dälsiňiz-dä ýerlemän?
  • Bu toprakda gägirýäňiz — şolam bes!
  • Bu topragyň adyndan bir gürlemäň!

  • Eý Huda, bu niçik ahwalat boldy:
  • Azdykmykak ýa-da aýnap ýörmükäk?
  • Şer işlere, günälere göýdügip,
  • Keremli toprakda ownap ýörmükäk?

  • Öwünýäs biz arkadag bolup duran
  • Magtymguly atly taňrymyz bilen.
  • Ýöne haçana çen ýaşadarlarka
  • Özümiz däl, diňe aňrymyz bilen?..




  • ***************************************************
  • Garaz, kimiň kimdigi

  • Garaz, kimiň kimdigi
  • Ahyrsoňy bilinýä.
  • Bilmän geçsek näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Gowy, gowy zatlary
  • Görseň ýürek ýylynýa,
  • Görmän geçsek näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Bu dünýäde aglanýa,
  • Bu dünýäde gülünýä,
  • Gülmän geçsek näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Gözi ýaşlyny görsem,
  • Ýürek-bagrym dilinýä.
  • Dilinmese näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Kişä ýagşylyk etseň,
  • Ýagşy sözler diýilýä.
  • Diýilmese näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Biri dünýäden gitse,
  • Ýene biri dogulýa.
  • Dogulmasa näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Gözüň bilen görülýär,
  • Ýürek bilen duýulýa,
  • Duýulmasa näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Ýazgardyňam, eý Alla!
  • Ýalkadyňam, eý Alla!
  • Ýalkamasaň näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä! 




  • ****************************************************
  • Bizi goldap bu günlere ýetirdiň

  • Bizi goldap bu günlere ýetirdiň,
  • Kadyr Alla, özüň ýene medet ber.
  • Huzuryňda kabul bolsun dilegim:
  • Uly pähim, kiçilere edep ber.

  • Eşretem eçildi ýyllarym, aýym,
  • Ezýetdenem ýetik berildi paýym.
  • Herne senden daş düşmedim Hudaýym,
  • Öňde görjek günlerime sähet ber.

  • Nämäň ýalandygy, nämäň çyndygy,
  • Kimiň düzüwdigi, kimiň şumdygy.
  • Görnüp durawersin kimiň kimdigi
  • Agyň, garaň arasynda serhet ber.

  • Bu topraga däldirin men bigäne,
  • Geldim ony ömürboýy söýmäge.
  • Owal-ahyr dogry sözi diýmäge
  • Gaýrat berdiň, Allam, ýene gaýrat ber.
  • Biri kesek atsa barýan ýoluma,
  • Ykbal ony duçar etsin päline.
  • Ownamazlyk üçin eziz ilime,
  • Mahal-mahal Göroglyny sowgat ber.

  • Gurbat gerek menzillerden ötmäge,
  • Zürýat gerek ömri dowam etmäge.
  • Ýetilmedik ak daňlara ýetmäge
  • Yzymyzda galjaklara müddet ber.

  • Göwünlere giňlik bersin kanagat,
  • Gözümizden gaýyp bolsun gabahat.
  • Görüp dursuň, göçüp barýar tebehet,
  • Adamlara sabyr bilen takat ber.

  • Gynansak-da, gökden ýol saldy berim.
  • Ýerden göterilýär haýadyr şerim.
  • Belany dep etjek bir seniň emriň,
  • Ýigde namys, gözellere uýat ber.

  • Ýagşy äre ýagşy ýarlar nesip däl.
  • Bu çyn. Ýöne agzap durmak uslyp däl.
  • Gara garnyň dolulygy hesip däl —
  • Çep gursaga sahawat ber, ganat ber.

  • Duşundan geçmäýin toýuň-u-ýasyň.
  • Biderek gitmesin çeken yhlasym.
  • Ata-babaň demi siňen mirasym —
  • Asly halal ojagyma döwlet ber.

  • Siňňin bolsun ýazda ýagan ýagyşlar.
  • Indikime sapak bolsun ýalňyşlar.
  • Maýsa bolup çogup çyksyn alkyşlar,
  • Saçagyma bereket ber, hümmet ber.

  • Çisňäp duran damja entek ýagmyr däl
  • Ol kim bolýar: çarwa-da däl, çomur däl.
  • Berjek bolsaň bir bikeşp ömür däl —
  • Ojar ýaly lowlap duran kysmat ber.

  • Mertebedir iň bir beýik şygarym,
  • Biribarym, iki dünýe çyragym.
  • Öz başymy çarap bilmedik çagym
  • Bakyýete ugramaga rugsat ber!




  • ****************************************************

  • Dilleriňde şepagat

  • Dilleriňde şepagat,
  • Ýüz-gözüňde sahawat.
  • Salamat bol, salamat,
  • Perişdemiň, eý adam?

  • Agyr günde diregim,
  • Sen ne beýle birehim?
  • Iň ullakan soragym:
  • Sen näme sen, eý adam?

  • Bilmen nämeden çeşmäň,
  • Oňmazmysyň uruşman?
  • Özüň özüňe duşman,
  • Sen näme sen, eý adam?

  • Müň menzilden geçen sen,
  • Dünýäň syryn açan sen.
  • Men soraýan: haçan sen
  • Adam boljak, eý adam?!




  • ****************************************************
  • Halaýyklar, ömrüň ýoly

  • Halaýyklar, ömür ýoly
  • Düz däl — büdür-südürlidir.
  • Kişi bardyr — buz ýalydyr.
  • Kişi bardyr — gadyrlydyr.

  • Şähtiň açar saba ýeli,
  • Gönder ondan salamyňy,
  • Bu gök daglar howalaly,
  • Dereleri atyrlydyr.

  • Ýollar aşdym ine-gana,
  • Şükür Alla, geçdim sana.
  • Guraklaram bardyr, ýöne
  • Il hezzetli-hödürlidir.

  • Hatar-hatar kerwen öten,
  • Gün astynda ýaýlyp ýatan
  • Bu Garagum atly Watan
  • Alalydyr, adyrlydyr.

  • Tüweleýler sogup ýören
  • Sähra maňa — bagy-erem.
  • Bizi ýagty dünýä beren
  • Guba çöller Hydyrlydyr. 




  • ****************************************************
  • Goşa çynar oturtdylar gapymda

  • Goşa çynar oturtdylar gapymda,
  • Kök ursun-da, kemal tapsyn, ylaýym,
  • Ykbal diňe adamlarda bolanok:
  • Goşa çynar, çöwsün hernä ykbalyň!

  • Dürtülen topragyň juda halaldyr,
  • Arassadyr seni oturdan eller.
  • Käte depäňizde arlar bulutlar,
  • Mahal-mahal dalar yzgytsyz ýeller.

  • Depeden türkmeniň ak güni çoýar,
  • Aşakdan nem alyp, ýognar damarlar.
  • Gatlaklary böwsüp, daşlary ýaryp,
  • Kökleriňiz çuňluklara çümerler.

  • Saçyňyzy ýuwar siňňin ýagyşlar,
  • Ak gara bürener juwan başyňyz.
  • Galkyndyrsyn meniň goja göwnümi
  • Al-asmana owsun atyp barşyňyz!

  • Goý, säherler sizi synlap guwansyn,
  • Bu goýun gözlerim — goşa çyragym.
  • Allam size ýaman gözden gorasyn,
  • Gapymda gögeren goşa çynarym!




  • ****************************************************

  • Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy

  • Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy,
  • Göz gözüň öňünde surata düşdi.

  • Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi,
  • Gijeler gözleri uky gelmedi.

  • Artdy iki kişiň mylaýym derdi,
  • Olar bir-birini düýşünde gördi.

  • Gulaklary şaňlap ýada düşdüler.
  • Bir-birini küýsäp, oda düşdüler.

  • Pynhan-pynhan ýerde duşulan çagşar
  • Olary il-günden gizledi baglar.

  • Ýüregiň öňünde ýürek açdylar,
  • Garaz, şeýdip juda ýakynlaşdylar.

  • Iki ynsan bir-birine ýar boldy,
  • Gyz-a gelin boldy, ýigit är boldy.

  • Bu ýagdaýda hepde geçdi, aý geçdi,
  • Gelin agraslandy, owadanlaşdy.

  • Edilen şert käte çyksa-da puja,
  • Gündiziň öýkesi ýazyldy gije.

  • Indi aýdaýaýn soň bolan zadam:
  • Adamdan döredi ýene bir adam.

  • Adamdan döredi ýene bir adam,
  • Oňa ömri uzak bolsun! diýdiler.

  • Toý tutuldy. Adam bary ýygnandy:
  • Guduraşyp, içdiler hem iýdiler.

  • Kinniwannja adam welin aglaýar,
  • Köşeşdirýär diňe enäň emmesi.
  • Gara çyny bilen çyrlaýar körpe,
  • Şady-horram galanlaryň hemmesi.

  • Bu neneňsi waka, niçik ahwalat?
  • Näme üçin aglaýar ol, gülenok?
  • Meger, dünýä bäş günlüjek gelenin
  • Çaga bilýär: Ullakanlar bilenok.




  • ****************************************************
  • Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup

  • Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup,
  • Bägül haýran galyp, agzyny açsyn.
  • Şahasyndan guşlar ören çynaryň
  • Damjalary ýere paýyrdap düşsün.

  • Ýaşyl ýaýlalarda göterilen buglar
  • Ümür bolup çöksün baýryň gerşine.
  • Aňk bolsun duýgusy inçelen adam
  • Ýere-göge nur çaýylyp durşuna.

  • Hol aşakdan ýylan ýaly towlanyp,
  • Baýryň depesine ýelmeşen ýoda.
  • Ortasyndan üzlen urgan şekilli
  • Şeýdip asylsyn-da, dursun howada.

  • Birdenem, Gün bulutlara duwlanyp,
  • Daglaryň etegi garalsyn gitsin.
  • Pöwrizäň üstünde gök gübürdände
  • Ýyldyrym ýagtysy Ýerbende ýetsin.

  • Ah, men neneň söýýän ýazyň çagbasyn.
  • Suwmonjuklar depä degip döwülsin.
  • Ýagsyn ýagyş!
  • Ýagsyn ýagyş, tozanlap
  • Asmana suw akytsyn.
  • Zemin ýuwunsyn.

  • Ak gyşlarda çopantelpek gar ýagsyn,
  • Ýerler doňup ýatsyn garyň astynda.
  • Meniň ýaşyl Tugly Türkmenistanym
  • Ýaşasyn dört pasyl nuruň astynda.

  • Ap-ak Aşgabadyň metjitlerinde
  • Adamlar hatardan dursun namaza.
  • Biribaryň ady bilen nem alsyn
  • Doňy çözlüp, ýumşap başlan Zamana.

  • Daşlynyň oýunyň eteklerinde
  • Köpelsin ýene-de towşan yzlary.
  • Gyzylly şaý ýaly asylly bolsun
  • Bu buýsançly halkyň gelin-gyzlary.

  • Sen gurşunly kenek ýaly agras bol.
  • Gudurama, türkmen.
  • Aýnama, türkmen.
  • Dünýäň eşretinden bolma binesip
  • Sür döwrany!
  • Ýöne ownama, türkmen!

  • Gerbiňdäki ak bedewiň buýsanjyn
  • Syndyrmasyn kesekiniň jylawy.
  • Egsilmesin alty ganat öýleriň
  • Ak bugdaýly alty putluk çuwaly.

  • Meniň indi dünýä injek agtygym
  • Gapysyna gulp urmaly bolmasyn.
  • Her gün ady bilen ýatyp, turdugym —
  • Beýik taňrym seni gözden salmasyn! 




  • ****************************************************
  •  dowamy baaaar......
  • 27 Eylül 2015 Pazar

    magtymgulyy


    Magtymguly pyragy

    TÜRKMENIŇ

    Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
    Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň;
    Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
    Gara dagdan iner sili türkmeniň.

    Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
    Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
    Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
    Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.

    Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
    Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
    Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi,
    Küren tutar gözel ili türkmeniň.

    Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
    Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
    Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri
    Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.

    Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
    Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
    Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
    Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

    Köňül howalanar ata çykanda,
    Daglar lagla döner gyýa bakanda,
    Bal getirer, joşup derýa akanda,
    Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň.

    Gapyl galmaz, döwüş güni har olmaz,
    Gargyşa, nazara giriftar olmaz,
    Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz,
    Daýym anbar saçar güli türkmeniň.

    Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
    Ykballar ters gelmez hakyň nurudyr,
    Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
    Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň.

    Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
    Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
    Gözüm gaýra düşmez köňül eglenmez,
    Magtymguly – sözlär tili türkmeniň.

    nakyllar

    -Gyz galyny gyrawa cenli, gyraw bolsa gun dogynca.
    ***
    -Akmak ozun bildirer-towregin guldurer.
    ***
    -Akyl sozde-mahir gozde
    ***
    -Algy, berginin yerini tutmaz.
    ***
    -Nahili goz bilen seretsen, sonun yalam goruner.
    ***
    -Suyji yalandan-ajy hakykat yagsy
    ***
    -Kor hasasyn bir aldyrar.
    ***
    -Hakykat kowshuni geyinca , yalan dunyani aylanyp cykar.
    ***
    -Islanini aydan-islemedigini esider.
    ***
    -Gulun tikeni bar diyip gynanma, tikenin guli bar diyip begen
    ***
    -Gulup geplan arden gork-aglap geplan ayaldan.
    ***
    -Saglyk, sag adamyn basyndaky tajidir,yone ony syrkawlardan basga hic kim gormeyar.
    ***
    -Eyesis soz-gybatdyr.
    ***
    -Gonezliksiz suyt uyalmaz. Yok akyl kyrkda-da goyalmaz.
    ***
    -Gylygyndan soyduren gyz-gyzyldan.
    ***
    -Garyplyk oldurmez-Oldurmese-de guldurmez.
    ***
    -Gazan garasy gider-namys garasy gitmes
    ***
    -Geymi tazelikde aya-abrayyny yaslykda.
    ***
    -Elin isli bolandan-manlayyn guycli bolsun.
    ***
    -Enesi owen gyzdan gac,yennesi owene gujak ac.
    ***
    -Esiden den bolmaz goren goz bilen.
    *** 
    -Yalan bilen cynyn arasy bir seredir.
    ***
    -Garybyz sozi yer almaz, yerde-de galmaz.
    ***
    -Dert-agladar, ysk-sozleder.
    ***
    -Dil-gylycdan yiti.
    ***
    -Altyn, kulun icinde-de goruner.
    ***
    -Akylly pikirlenyanca, akmak isini bitirer.
     ***
    ****
    ***

    zenanlar hakyndaky nakyllar 


    Ejem eli ak pamyk.
    ***
    Enanin mahrem zor,gahram.
    ***
    Ene-Kabe,ata-kybla.
    ***
    Ene eli-em,dili melhem.
    ***
    Enemi goren mahriban,atamy goren gadyrdan.
    ***
    Enesi owen gyzdan gac,yennesi owene gujak ac.
    ***
    Erkek yoldashyndan belli,ayal boydashyndan.
    ***
    Gyz bir guldur-yetisher,gocer gider.
    ***
    Gyz cykaran bayamaz,gelin edinen dagamaz.
    ***
    Gyz gowni yuplukdir-boyap yupek bolmaz,
    Yigit gowni yupekdir-cigilse cozup bolmaz.
    ***
    Gyz gozelligi sandykda
    ***
    Gyz gylygyndan soydurer
    ***
    Gyz bir guldur-yetiser,gocer gider
    ***
    gyz-ozge oyun chyrasy
    ***
    gyz edebi-il edebi
    ***
    gyz eneden gorum gormese,owut almaz
    ***
    gyz galyny-garyn suwy
    ***
    gyz gowni gyzan gazan
    ***
    gyz gowni yuplikdir-boyalyp yupek bolmaz,yigit gowni yupekdir-chigilse chozup bolmaz
    ***
    gyz gozelligi sandykda
    ***
    gyz menki-bagty ozganki
    ***
    gyzarana gyz diyerler agarana biz
    ***
    gyz gyzyl alma gyzy gozden salma
    ***
    gyz gylygyndan soydurer
    ***
    gyz guldi,menem guldu-yureginin syryn bildi
    ***
    gyz gylygy bn,oglan edebi bn
    ***
    gyz-hoz agajy her otegch 1dash atar

    ***
    Agadan ata bolmaz ýeñeden ene.
    ***
    At alma, eýer al, aýal alma, hossar al.
    ***
    At alsañ, ýorga bilen ýörüş al, aýal alsañ, akyl bilen huş al.
    ***
    At arryklykda, gyz garyplykda
    ***
    Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz keýwany bolar.
    ***
    Atadan ogla miras, eneden gyza.
    ***
    Atasy bolmadyk bir gün aglar, enesi bolmadyk her gün aglar.
    ***
    Atasyz oglan ýetim, enesiz oglan ýesir.
    ***
    Atasyz toýda ýetim, enesiz günde ýetim.
    ***
    Atyñ ýaman bolsa satyp gutularsyñ, aýalyñ ýaman bolsa neneñ gutularsyñ!
    ***
    Aýal adam-uýal adam
    ***
    Aýal gaýratly bolsa, är gorkak bolar.
    ***
    Aýal oñsa hazyna, oñmasa kazy
    ***
    Aýalsyza rehnet ýok, ogulsyza döwlet
    ***
    Aýaly bolmadygyñ hyýaly bolmaz.
    ***
    Aýalyñ gaty seslisinden gork, erkegiñ çala seslisinden
    ***
    Aýalyñ ýaman bolsa, ýurt parahatçylygyndan ne peýda
    ***
    Bolduran hem aýal, güldüren hem aýal.
    ***
    Gaýynatam ganarym, dolup durar dulumda, gaýymenem gazanym getirip goýar ýanymda
    ***
    Gaýyn-gelin gapakly gazan.
    ***
    Gatyksyzdan duzly ýagşy, ogulsyzdan gyzly ýagşy
    ***
    Gelini gelin edýän düşen ýeri
    ***
    Gyzly öýde iş galmaz.
    ***
    Gyzyl ýüzli ýigidiñ, gyz uýasy bolmasyn
    Gyz uýasy bolsada, gyzyl ýüzi solmasyn.
    ***
    Gyz eneden görelde almasa öwüt almaz.
    ***
    Gyz ýagşysy gyşyk çatmadan çykar
    ***
    Daş düşen ýerinde dursun, gyz baran ýerinde
    ***
    Ile gülünç bolandan äriñe ýapynç bol
    ***
    Illäp günläp kel gyzy äre bereler
    ***
    Işlidigiñi bilerin gaýyn eneñ ölensoñ
    ***
    Gözelligiñ bilerin , yeke çagañ bolansoñ
    ***
    Müñ daýza bir ejäniñ ornuny tutmaz
    ***
    Orta ýolda atyñ ölmesin, orta ýolda hatynyñ
    ***
    Oturan gyz orunly bolar
    ***
    Ursa-da ejem eli ursun
    ***
    Heleýi heleý bolanyñ äri ner bolar
    ***
    Heleýi heleý bolmadygyñ äri gara ýerýer bolar
    ***
    Heleýi bolmadygyñ golaýy bolmaz
    ***
    Heleý alsañ akyl bilen huş al
    ***
    Ejeliniñ reñki baglardaky güle meñzär
    Ejesiziñ reñki ojakdaky küle meñzär
    ***
    Eklenibilmeseñ aýal al
    ***
    Enesini gör gyzyny al, gyrasyny gör bizini al
    ***
    Äri är edýänem aýal, äri gara ýer edýänem aýal
    ***
    Ýagşy aýal birini iki eder
    ***
    Ýagşy aýal arpa nany kebap eder, ýaman aýal bugdaý uny harap eder.
    ***
    Ýagşy aýal bugdaý berseñ palaw eder
    Ýaman aýal tüwi berseñ alaw eder.
    ***
    Ýagşy aýal jan azygy, ýaman aýal baş gazygy.
    ***
    Ishlemedik dishlemez;
    ***
    Yigide mun durli hunar hem azdyr;
    ***
    Hunari owren-de yigren;
    ***
    Sayany ekmedik salkynda yatmaz;
    ***
    Yatan okuze iym yok;
    ***
    Tomus depesi gaynamadygyn gysh gazany gaynamaz;
    ***
    Ýedi olcap 1 kes;
    ***
    tagtany uzyn kes, gysgaldarsyn; demiri gysga kes, uzaldarsyn;
    ***
    dostuny saklama, nepden galmasyn; dushmanyn saklama, syryn bilmesin;
    ***
     Yegen ujy yagydyr, yagam bolsa gowudyr
    ***
    Oynasa ogly yener, chynyrgasa atasy
    ***
     Dil bela, dish gala
    ***
     Suyji soz yilani hinden chykarar
    ***
    Yere bakandan yer gorkar
    ***
    Dil bn orak orsan bil agyrmaz.
    ***
    Bosh cuwal dikelmez
    ***
    Dost dostun aynasydyr.
    ***
    Ozuni suyt bilgin dostuny gaymak.
    ***
    Pishigin yindamlygy samanhana cenli.
    ***
    Il onlasa atyny soy.
    ***
    Dagdan arkasy bolanyn dashdan yuregi bolar.
    ***
    Yagshylyk et, derya nan at, balyk biler, balyk bilmese Halyk biler
    ***
    Towshana dogduk depe.
    ***
    Almany goge zyn, yere dushyanca ya pelek
    ***
    Alma bish, agzyma dush (ayratyn, yaltalar ucin sozlem
    ***
    Owrenilen endik orklesen hem durmaz
    ***
    Agaç miwe berse, baþy aþak
    ***
    Ajysy bolmadygyn, süyjüsi bolmaz.
    ***
    Az bolsun, uz bolsun.
    ***
    Azapsyz yerin ady yok.
    ***
    Ayrylmaz gonsyna unutgysyz söz aytma.
    ***
    Akyl yasda bolmaz, basda bolar.
    ***
    Baryny beren uyalmaz.
    ***Basa bela iki barmak dilden geler.
    ***
    Bedew-jul içinde, göwher kül içinde.
    ***Bijeli oglan aglamaz.
    ***
    Bir okana bar, bir hem dokana.
    ***Bir elde iki garpyz tutdurmaz.
    ***
    Bir yazykdan är ölmez, hiç yazyksyz är bolmaz.
    ***Bu günki serçe düynki serçä “jik-jik” öwreder.
    ***
    Çagyrylan yere irinme, çagyrylmadyk yerde görünme.
    ***Çala esiden çatma yykar, öte esiden-öy.
    ***
    Çekismän, bekismez.
    ***Dagdan arkasy bolanyn, dasdan yüregi bolar.
    ***
    Dagy-dasy yel pozar, adam arasyny söz pozar.
    ***Dil bilen orak orsan, bil agyrmaz.
    ***
    Don biçerler yenli-yanly, dost tutarlar önli-sonly.
    ***Dostuny egleme nepden galmasyn,
    ***
    Dusmany saklama, syryn bilmesin.
    ***Dusmanyn peseçe bolsa, pilçe gör.
    ***
    Düye garrasa, kösegine eyerer.
    ***Düyä münüp, hataba bukma.
    ***
    Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al.
    ***Är-ayalyn urusy-yaz gününin yagysy.
    ***
    Gazana yanassan, garasy yokar.
    ***Galpyn gazany gaynamaz, gaynasa-da baynamaz.
    ***
     "Akmaga bergiň bolsa, ýa toýda dilär ýa ýasda.";
    ***
    "Aýakgabyň dar bolsa, giň jahandan ne peýda.";
    ***
     "Är dogan ýerini küýsär, it doýan ýerini.";
    ***
    "Bu günki serçe düýnki serçä «jik-jik» öwreder.";
    ***
    "Balyk tora düşende aklyna aýlanar.";
    ***
     "Başganyň elinden çörek iýen doýmaz.";
    ***
    "Ýüki agyr eşek aňňyrmaz.";
    ***
    "Baş gitse aýak hem durmaz.";
    ***
     "Başyňa düşse başmakçy bolarsyň.";
    ***
    "Baý ajyganda iýer, garyp tapanda.";
    ***
     "Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer.";
    ***
    "Gurt gören itiň agzy bir bolar.";
    ***
    "Bir göz aglasa, beýleki göz gülmez.";
    ***
    "Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez.";
    ***
    "Bir goýundan iki deri alynmaz.";
    ***
     "Bir gül bilen ýaz bolmaz.";
    ***
    "Bir it görüp üýrer, müň it görmän.";
    ***
    "Bulanmasa durlanmaz.";
    ***
    "Jany ýanan eşek, atdan ýüwrük bolar.";
    ***
    "Jomart ýaryny berer, gorkak baryny.";
    ***
    "Çüýrük tagta çüý tutmaz.";
    ***
    "Dileýäniň bir ýüzi gara, bermäýäniň iki ýüzi.";
    ***
     "Eşegiň aňňyrmaýany bolmaz.";
    ***
    "Ýaş ýetmiş, iş bitmiş.";
    ***
    "Garry hem bolsa gyz ýagşy, egri hem bolsa ýol ýagşy.";
    ***
    "Gel diýmek aňsat, git diýmek kyn";
    ***
    "Içmeklini ursaň, ýalaňaç gorkar.";
    "It doýan güni ogurlyk eder.";
    ***
    "It ýok ýerde doňuz oýnar.";
    ***
    "Oturmakdan iş bitmez, garry mama diş bitmez.";
    ***
    "Pişik ölse, syçanlar toý eder.";
    ***
    -Garry oynasa gay turar.
    ***
    -Ata minmek bir ayip, atdan dushmek 2 ayip.
    ***
    -Gulme gonshyna geler bashyna.
    ***
    -ULYNY AGLATMAK KICA YARASHMAZ
    ***
    -Her kishin oz derdi, kel gyzyn ar(yoldash) derdi.
    ***
    -Geca jan gassaba bolsa yag yagshy
    ***
    -Guyma gursak bolmasa,durtme gursak neylesin
    ***
    -Ozun gulak bolsan, ilden ne peyda
    ***
    -Ody ozune bas, otmese keseka!
    ***
    -küýküni mazar düzeder.
    ***
    -Sercheden gorkan dary ekmez
    ***
    -Sonky tuykulik sakgal ezmez
    ***
    -Azapsyz yerin ady yok
    ***
    -Arkaly kopek gurt alar
    ***
    -Akmagam dyman wagty akylly goruner.
    ***
    Tata tat diysen olesi geler - ige gul diysen gulesi geler.
    ***
    taty urmasan dost bolmaz.
    ***
    Okadym diyme bildim diy
    ***
    Bir okana - bir-de dokana
    ***
     Baş bolmasa göwre laş.
    ***
     Ata-enanin göwni ogulda, gyzda. Ogul, gyzyn göwni dagda, düzde.
    ***
    Jennetde jaýyn bolandan, milisede/orgonda daýyn bolsyn. (taze?)
    ***
    It ata çekermiş, ar daya
    ***
     Garga-da öz çagasyna apbagym/akjam diyermiş
    ***
     Ol eşekde yüküm yok, yikilsa habarym
    ***
    Türkmeni dürtmesen duymaz
    ***
    Kasas kyyamata galmaz
    ***
     Dali Hudayin tarhanymyş
    ***
    Agam bar, ne gamym bar
    ***
     Inım bar, inerim bar
    ***
    Yüwürjim, yüwrük atym
    ***
    Taze küyzanin suwy sowuk bolar
    ***
     Obadaşym-babadaşym
    ***
     Gonşyny gozgama, göçmesin
    ***
     Maýdalap ýagan gardan gork, gülüp bakan handan2) Miwesiz agaja daş atylmaz
    ***
     Miwesi kän bolsa başy aşak
    ***
     Maly ýogyň haly ýok
    ***
     Myhman ataňdan uly
    ***
     Maňlaýda bolsa görerin, aýamda bolsa ýalaryn
    ***
     Meňki bitsin, seňki ýitsin
    ***
    Mollanyň dienini etde edenini etme
    ***
    Men näme diýýän, dutarym näme diýýär?
    ***
     Maslahatly biçilen don gysga bolmaz
    ***
    Minnetli hesel iýenden, biminnet kesek iý
    ***
     Mellekçä ýer berseň ýer eýesini ýerden çykarar
    ***
     Mugtuň çorbasy çykmaz
    ***
    Myhman birinji gün gyzyl, ikinji gün kümüş, üçünji gün mis, dördünji gün pis.
    ***
     Merde berseň aşyňy, güzerlär seniň işiňi,
    ***
    Namarda berseň aşyňy, gowga goýar başyňy.
    ***
    Mert özünden görer, namart ýoldaşyndan
    ***
    Myhmanyňky üç gün, üç günden soň - göçgün
    ***
     Müň işçiden bir başçy
    ***
    Mesde akyl bolmaz, namartda iman
    ***
     Müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr,
    ***
    Gitse döwlet, galsa hünär ýagşydyr.
    ***
    Mäşi batga ek, jöweni çaňa
    ***
    Molladan berim bolmaz, eşekden – gerim
    ***
    Müsürde şa bolandan öz iliňde geda bol
    ***
     Molla berseň, aldym diýmez, köre berseň aldym diýmez
    ***
     Myhman az otursa-da, köp synlar
     ***
    Baryny beren uyalmaz
    ***
    Başa bela ,iki barmak dilden geler
    ***
    Bedew-jul içinde,göwher-kül içinde
    ***
    Bijeli oglan aglamaz
    ***
    Bir okana bar ,bir hem- dokana
    ***
    Bir elde iki garpyz tutdurmaz
    ***
    Bir yazykdan ar ölmez ,hiç yazyksyz ar bolmaz
    ***
    Bu gunki serçe düynki serça ‘’jik-jik ‘’ögreder
    ***
    Gazana yanaşsang ,garasy yokar Galpyng gazany
    ***
    gaynamaz ,gaynasa-da baynamaz
    ***
    Gamyşy gowşak tutsang, el gyyar
    ***
    Gengeşli don-gysga bolmaz
    ***
    Gorkana- goşa görner
    ***
    Göwnü açygyng yoly açyk
    ***
    Göwün göwünden su içer,gamyş-bogundan
    ***
    ge tüykürseng ,yüzünge düşer
    ***
    Guyma gursak bolmasa,dürtme gursak neylesin 
    ***
    Gurt gören iting, agzy bir bolar
    ***
    Gülme gongşynga ,geler başynga
    ***
    Dagdan arkasy bolanyng ,daşdan yüregi bolar
    ***
    Dagy ,daşy yel pozar,adam arasyny söz pozar
    ***
    Dil bilen orak orsang ,bil agyrmaz
    ***
    Don biçerler yengli-yanly,dost tutarlar öngli-songly
    ***
    Duşmanyng peşeçe bolsa,pilçe gör

    Düye garrasa,köşegine eyerer
    ***
    Düya münüp hataba bukma
    ***
    Yekaning çangy çykmaz
    ***
    Yorganynga göre ayak uzat
    ***
    Zeleling yaryndan gaytmak hem peyda
    ***
    İki at depişer ,arasynda eşek öler
    ***
    İl agzyny yygnap bolmaz,çelek agzyny bogup bolmaz
    ***
    İlim –günüm bolmasa ,ayym- günüm dogmasyn
    ***
    İt üyrer,kerwen geçer
    ***
    Yigide müng dürli hünar hem az
    ***
    Yigidi dostundan tana
    ***
    Yykylan- göreşden doymaz
    ***
    Kesmaseng,ganamaz
    ***
    Kör hasasyn bir aldyrar
    ***
    Kötek güyçli bolsa,yüng gazyk yere gider
    ***

    nakyllar

    nakyllar

    -Gyz galyny gyrawa cenli, gyraw bolsa gun dogynca.
    ***
    -Akmak ozun bildirer-towregin guldurer.
    ***
    -Akyl sozde-mahir gozde
    ***
    -Algy, berginin yerini tutmaz.
    ***
    -Nahili goz bilen seretsen, sonun yalam goruner.
    ***
    -Suyji yalandan-ajy hakykat yagsy
    ***
    -Kor hasasyn bir aldyrar.
    ***
    -Hakykat kowshuni geyinca , yalan dunyani aylanyp cykar.
    ***
    -Islanini aydan-islemedigini esider.
    ***
    -Gulun tikeni bar diyip gynanma, tikenin guli bar diyip begen
    ***
    -Gulup geplan arden gork-aglap geplan ayaldan.
    ***
    -Saglyk, sag adamyn basyndaky tajidir,yone ony syrkawlardan basga hic kim gormeyar.
    ***
    -Eyesis soz-gybatdyr.
    ***
    -Gonezliksiz suyt uyalmaz. Yok akyl kyrkda-da goyalmaz.
    ***
    -Gylygyndan soyduren gyz-gyzyldan.
    ***
    -Garyplyk oldurmez-Oldurmese-de guldurmez.
    ***
    -Gazan garasy gider-namys garasy gitmes
    ***
    -Geymi tazelikde aya-abrayyny yaslykda.
    ***
    -Elin isli bolandan-manlayyn guycli bolsun.
    ***
    -Enesi owen gyzdan gac,yennesi owene gujak ac.
    ***
    -Esiden den bolmaz goren goz bilen.
    *** 
    -Yalan bilen cynyn arasy bir seredir.
    ***
    -Garybyz sozi yer almaz, yerde-de galmaz.
    ***
    -Dert-agladar, ysk-sozleder.
    ***
    -Dil-gylycdan yiti.
    ***
    -Altyn, kulun icinde-de goruner.
    ***
    -Akylly pikirlenyanca, akmak isini bitirer.
     ***
    ****
    ***

    zenanlar hakyndaky nakyllar 


    Ejem eli ak pamyk.
    ***
    Enanin mahrem zor,gahram.
    ***
    Ene-Kabe,ata-kybla.
    ***
    Ene eli-em,dili melhem.
    ***
    Enemi goren mahriban,atamy goren gadyrdan.
    ***
    Enesi owen gyzdan gac,yennesi owene gujak ac.
    ***
    Erkek yoldashyndan belli,ayal boydashyndan.
    ***
    Gyz bir guldur-yetisher,gocer gider.
    ***
    Gyz cykaran bayamaz,gelin edinen dagamaz.
    ***
    Gyz gowni yuplukdir-boyap yupek bolmaz,
    Yigit gowni yupekdir-cigilse cozup bolmaz.
    ***
    Gyz gozelligi sandykda
    ***
    Gyz gylygyndan soydurer
    ***
    Gyz bir guldur-yetiser,gocer gider
    ***
    gyz-ozge oyun chyrasy
    ***
    gyz edebi-il edebi
    ***
    gyz eneden gorum gormese,owut almaz
    ***
    gyz galyny-garyn suwy
    ***
    gyz gowni gyzan gazan
    ***
    gyz gowni yuplikdir-boyalyp yupek bolmaz,yigit gowni yupekdir-chigilse chozup bolmaz
    ***
    gyz gozelligi sandykda
    ***
    gyz menki-bagty ozganki
    ***
    gyzarana gyz diyerler agarana biz
    ***
    gyz gyzyl alma gyzy gozden salma
    ***
    gyz gylygyndan soydurer
    ***
    gyz guldi,menem guldu-yureginin syryn bildi
    ***
    gyz gylygy bn,oglan edebi bn
    ***
    gyz-hoz agajy her otegch 1dash atar

    ***
    Agadan ata bolmaz ýeñeden ene.
    ***
    At alma, eýer al, aýal alma, hossar al.
    ***
    At alsañ, ýorga bilen ýörüş al, aýal alsañ, akyl bilen huş al.
    ***
    At arryklykda, gyz garyplykda
    ***
    Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz keýwany bolar.
    ***
    Atadan ogla miras, eneden gyza.
    ***
    Atasy bolmadyk bir gün aglar, enesi bolmadyk her gün aglar.
    ***
    Atasyz oglan ýetim, enesiz oglan ýesir.
    ***
    Atasyz toýda ýetim, enesiz günde ýetim.
    ***
    Atyñ ýaman bolsa satyp gutularsyñ, aýalyñ ýaman bolsa neneñ gutularsyñ!
    ***
    Aýal adam-uýal adam
    ***
    Aýal gaýratly bolsa, är gorkak bolar.
    ***
    Aýal oñsa hazyna, oñmasa kazy
    ***
    Aýalsyza rehnet ýok, ogulsyza döwlet
    ***
    Aýaly bolmadygyñ hyýaly bolmaz.
    ***
    Aýalyñ gaty seslisinden gork, erkegiñ çala seslisinden
    ***
    Aýalyñ ýaman bolsa, ýurt parahatçylygyndan ne peýda
    ***
    Bolduran hem aýal, güldüren hem aýal.
    ***
    Gaýynatam ganarym, dolup durar dulumda, gaýymenem gazanym getirip goýar ýanymda
    ***
    Gaýyn-gelin gapakly gazan.
    ***
    Gatyksyzdan duzly ýagşy, ogulsyzdan gyzly ýagşy
    ***
    Gelini gelin edýän düşen ýeri
    ***
    Gyzly öýde iş galmaz.
    ***
    Gyzyl ýüzli ýigidiñ, gyz uýasy bolmasyn
    Gyz uýasy bolsada, gyzyl ýüzi solmasyn.
    ***
    Gyz eneden görelde almasa öwüt almaz.
    ***
    Gyz ýagşysy gyşyk çatmadan çykar
    ***
    Daş düşen ýerinde dursun, gyz baran ýerinde
    ***
    Ile gülünç bolandan äriñe ýapynç bol
    ***
    Illäp günläp kel gyzy äre bereler
    ***
    Işlidigiñi bilerin gaýyn eneñ ölensoñ
    ***
    Gözelligiñ bilerin , yeke çagañ bolansoñ
    ***
    Müñ daýza bir ejäniñ ornuny tutmaz
    ***
    Orta ýolda atyñ ölmesin, orta ýolda hatynyñ
    ***
    Oturan gyz orunly bolar
    ***
    Ursa-da ejem eli ursun
    ***
    Heleýi heleý bolanyñ äri ner bolar
    ***
    Heleýi heleý bolmadygyñ äri gara ýerýer bolar
    ***
    Heleýi bolmadygyñ golaýy bolmaz
    ***
    Heleý alsañ akyl bilen huş al
    ***
    Ejeliniñ reñki baglardaky güle meñzär
    Ejesiziñ reñki ojakdaky küle meñzär
    ***
    Eklenibilmeseñ aýal al
    ***
    Enesini gör gyzyny al, gyrasyny gör bizini al
    ***
    Äri är edýänem aýal, äri gara ýer edýänem aýal
    ***
    Ýagşy aýal birini iki eder
    ***
    Ýagşy aýal arpa nany kebap eder, ýaman aýal bugdaý uny harap eder.
    ***
    Ýagşy aýal bugdaý berseñ palaw eder
    Ýaman aýal tüwi berseñ alaw eder.
    ***
    Ýagşy aýal jan azygy, ýaman aýal baş gazygy.
    ***
    Ishlemedik dishlemez;
    ***
    Yigide mun durli hunar hem azdyr;
    ***
    Hunari owren-de yigren;
    ***
    Sayany ekmedik salkynda yatmaz;
    ***
    Yatan okuze iym yok;
    ***
    Tomus depesi gaynamadygyn gysh gazany gaynamaz;
    ***
    Ýedi olcap 1 kes;
    ***
    tagtany uzyn kes, gysgaldarsyn; demiri gysga kes, uzaldarsyn;
    ***
    dostuny saklama, nepden galmasyn; dushmanyn saklama, syryn bilmesin;
    ***
     Yegen ujy yagydyr, yagam bolsa gowudyr
    ***
    Oynasa ogly yener, chynyrgasa atasy
    ***
     Dil bela, dish gala
    ***
     Suyji soz yilani hinden chykarar
    ***
    Yere bakandan yer gorkar
    ***
    Dil bn orak orsan bil agyrmaz.
    ***
    Bosh cuwal dikelmez
    ***
    Dost dostun aynasydyr.
    ***
    Ozuni suyt bilgin dostuny gaymak.
    ***
    Pishigin yindamlygy samanhana cenli.
    ***
    Il onlasa atyny soy.
    ***
    Dagdan arkasy bolanyn dashdan yuregi bolar.
    ***
    Yagshylyk et, derya nan at, balyk biler, balyk bilmese Halyk biler
    ***
    Towshana dogduk depe.
    ***
    Almany goge zyn, yere dushyanca ya pelek
    ***
    Alma bish, agzyma dush (ayratyn, yaltalar ucin sozlem
    ***
    Owrenilen endik orklesen hem durmaz
    ***
    Agaç miwe berse, baþy aþak
    ***
    Ajysy bolmadygyn, süyjüsi bolmaz.
    ***
    Az bolsun, uz bolsun.
    ***
    Azapsyz yerin ady yok.
    ***
    Ayrylmaz gonsyna unutgysyz söz aytma.
    ***
    Akyl yasda bolmaz, basda bolar.
    ***
    Baryny beren uyalmaz.
    ***Basa bela iki barmak dilden geler.
    ***
    Bedew-jul içinde, göwher kül içinde.
    ***Bijeli oglan aglamaz.
    ***
    Bir okana bar, bir hem dokana.
    ***Bir elde iki garpyz tutdurmaz.
    ***
    Bir yazykdan är ölmez, hiç yazyksyz är bolmaz.
    ***Bu günki serçe düynki serçä “jik-jik” öwreder.
    ***
    Çagyrylan yere irinme, çagyrylmadyk yerde görünme.
    ***Çala esiden çatma yykar, öte esiden-öy.
    ***
    Çekismän, bekismez.
    ***Dagdan arkasy bolanyn, dasdan yüregi bolar.
    ***
    Dagy-dasy yel pozar, adam arasyny söz pozar.
    ***Dil bilen orak orsan, bil agyrmaz.
    ***
    Don biçerler yenli-yanly, dost tutarlar önli-sonly.
    ***Dostuny egleme nepden galmasyn,
    ***
    Dusmany saklama, syryn bilmesin.
    ***Dusmanyn peseçe bolsa, pilçe gör.
    ***
    Düye garrasa, kösegine eyerer.
    ***Düyä münüp, hataba bukma.
    ***
    Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini al.
    ***Är-ayalyn urusy-yaz gününin yagysy.
    ***
    Gazana yanassan, garasy yokar.
    ***Galpyn gazany gaynamaz, gaynasa-da baynamaz.
    ***
     "Akmaga bergiň bolsa, ýa toýda dilär ýa ýasda.";
    ***
    "Aýakgabyň dar bolsa, giň jahandan ne peýda.";
    ***
     "Är dogan ýerini küýsär, it doýan ýerini.";
    ***
    "Bu günki serçe düýnki serçä «jik-jik» öwreder.";
    ***
    "Balyk tora düşende aklyna aýlanar.";
    ***
     "Başganyň elinden çörek iýen doýmaz.";
    ***
    "Ýüki agyr eşek aňňyrmaz.";
    ***
    "Baş gitse aýak hem durmaz.";
    ***
     "Başyňa düşse başmakçy bolarsyň.";
    ***
    "Baý ajyganda iýer, garyp tapanda.";
    ***
     "Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer.";
    ***
    "Gurt gören itiň agzy bir bolar.";
    ***
    "Bir göz aglasa, beýleki göz gülmez.";
    ***
    "Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez.";
    ***
    "Bir goýundan iki deri alynmaz.";
    ***
     "Bir gül bilen ýaz bolmaz.";
    ***
    "Bir it görüp üýrer, müň it görmän.";
    ***
    "Bulanmasa durlanmaz.";
    ***
    "Jany ýanan eşek, atdan ýüwrük bolar.";
    ***
    "Jomart ýaryny berer, gorkak baryny.";
    ***
    "Çüýrük tagta çüý tutmaz.";
    ***
    "Dileýäniň bir ýüzi gara, bermäýäniň iki ýüzi.";
    ***
     "Eşegiň aňňyrmaýany bolmaz.";
    ***
    "Ýaş ýetmiş, iş bitmiş.";
    ***
    "Garry hem bolsa gyz ýagşy, egri hem bolsa ýol ýagşy.";
    ***
    "Gel diýmek aňsat, git diýmek kyn";
    ***
    "Içmeklini ursaň, ýalaňaç gorkar.";
    "It doýan güni ogurlyk eder.";
    ***
    "It ýok ýerde doňuz oýnar.";
    ***
    "Oturmakdan iş bitmez, garry mama diş bitmez.";
    ***
    "Pişik ölse, syçanlar toý eder.";
    ***
    -Garry oynasa gay turar.
    ***
    -Ata minmek bir ayip, atdan dushmek 2 ayip.
    ***
    -Gulme gonshyna geler bashyna.
    ***
    -ULYNY AGLATMAK KICA YARASHMAZ
    ***
    -Her kishin oz derdi, kel gyzyn ar(yoldash) derdi.
    ***
    -Geca jan gassaba bolsa yag yagshy
    ***
    -Guyma gursak bolmasa,durtme gursak neylesin
    ***
    -Ozun gulak bolsan, ilden ne peyda
    ***
    -Ody ozune bas, otmese keseka!
    ***
    -küýküni mazar düzeder.
    ***
    -Sercheden gorkan dary ekmez
    ***
    -Sonky tuykulik sakgal ezmez
    ***
    -Azapsyz yerin ady yok
    ***
    -Arkaly kopek gurt alar
    ***
    -Akmagam dyman wagty akylly goruner.
    ***
    Tata tat diysen olesi geler - ige gul diysen gulesi geler.
    ***
    taty urmasan dost bolmaz.
    ***
    Okadym diyme bildim diy
    ***
    Bir okana - bir-de dokana
    ***
     Baş bolmasa göwre laş.
    ***
     Ata-enanin göwni ogulda, gyzda. Ogul, gyzyn göwni dagda, düzde.
    ***
    Jennetde jaýyn bolandan, milisede/orgonda daýyn bolsyn. (taze?)
    ***
    It ata çekermiş, ar daya
    ***
     Garga-da öz çagasyna apbagym/akjam diyermiş
    ***
     Ol eşekde yüküm yok, yikilsa habarym
    ***
    Türkmeni dürtmesen duymaz
    ***
    Kasas kyyamata galmaz
    ***
     Dali Hudayin tarhanymyş
    ***
    Agam bar, ne gamym bar
    ***
     Inım bar, inerim bar
    ***
    Yüwürjim, yüwrük atym
    ***
    Taze küyzanin suwy sowuk bolar
    ***
     Obadaşym-babadaşym
    ***
     Gonşyny gozgama, göçmesin
    ***
     Maýdalap ýagan gardan gork, gülüp bakan handan2) Miwesiz agaja daş atylmaz
    ***
     Miwesi kän bolsa başy aşak
    ***
     Maly ýogyň haly ýok
    ***
     Myhman ataňdan uly
    ***
     Maňlaýda bolsa görerin, aýamda bolsa ýalaryn
    ***
     Meňki bitsin, seňki ýitsin
    ***
    Mollanyň dienini etde edenini etme
    ***
    Men näme diýýän, dutarym näme diýýär?
    ***
     Maslahatly biçilen don gysga bolmaz
    ***
    Minnetli hesel iýenden, biminnet kesek iý
    ***
     Mellekçä ýer berseň ýer eýesini ýerden çykarar
    ***
     Mugtuň çorbasy çykmaz
    ***
    Myhman birinji gün gyzyl, ikinji gün kümüş, üçünji gün mis, dördünji gün pis.
    ***
     Merde berseň aşyňy, güzerlär seniň işiňi,
    ***
    Namarda berseň aşyňy, gowga goýar başyňy.
    ***
    Mert özünden görer, namart ýoldaşyndan
    ***
    Myhmanyňky üç gün, üç günden soň - göçgün
    ***
     Müň işçiden bir başçy
    ***
    Mesde akyl bolmaz, namartda iman
    ***
     Müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr,
    ***
    Gitse döwlet, galsa hünär ýagşydyr.
    ***
    Mäşi batga ek, jöweni çaňa
    ***
    Molladan berim bolmaz, eşekden – gerim
    ***
    Müsürde şa bolandan öz iliňde geda bol
    ***
     Molla berseň, aldym diýmez, köre berseň aldym diýmez
    ***
     Myhman az otursa-da, köp synlar
     ***
    Baryny beren uyalmaz
    ***
    Başa bela ,iki barmak dilden geler
    ***
    Bedew-jul içinde,göwher-kül içinde
    ***
    Bijeli oglan aglamaz
    ***
    Bir okana bar ,bir hem- dokana
    ***
    Bir elde iki garpyz tutdurmaz
    ***
    Bir yazykdan ar ölmez ,hiç yazyksyz ar bolmaz
    ***
    Bu gunki serçe düynki serça ‘’jik-jik ‘’ögreder
    ***
    Gazana yanaşsang ,garasy yokar Galpyng gazany
    ***
    gaynamaz ,gaynasa-da baynamaz
    ***
    Gamyşy gowşak tutsang, el gyyar
    ***
    Gengeşli don-gysga bolmaz
    ***
    Gorkana- goşa görner
    ***
    Göwnü açygyng yoly açyk
    ***
    Göwün göwünden su içer,gamyş-bogundan
    ***
    ge tüykürseng ,yüzünge düşer
    ***
    Guyma gursak bolmasa,dürtme gursak neylesin 
    ***
    Gurt gören iting, agzy bir bolar
    ***
    Gülme gongşynga ,geler başynga
    ***
    Dagdan arkasy bolanyng ,daşdan yüregi bolar
    ***
    Dagy ,daşy yel pozar,adam arasyny söz pozar
    ***
    Dil bilen orak orsang ,bil agyrmaz
    ***
    Don biçerler yengli-yanly,dost tutarlar öngli-songly
    ***
    Duşmanyng peşeçe bolsa,pilçe gör

    Düye garrasa,köşegine eyerer
    ***
    Düya münüp hataba bukma
    ***
    Yekaning çangy çykmaz
    ***
    Yorganynga göre ayak uzat
    ***
    Zeleling yaryndan gaytmak hem peyda
    ***
    İki at depişer ,arasynda eşek öler
    ***
    İl agzyny yygnap bolmaz,çelek agzyny bogup bolmaz
    ***
    İlim –günüm bolmasa ,ayym- günüm dogmasyn
    ***
    İt üyrer,kerwen geçer
    ***
    Yigide müng dürli hünar hem az
    ***
    Yigidi dostundan tana
    ***
    Yykylan- göreşden doymaz
    ***
    Kesmaseng,ganamaz
    ***
    Kör hasasyn bir aldyrar
    ***
    Kötek güyçli bolsa,yüng gazyk yere gider
    ***