Magtymguly pyragy

30 Eylül 2015 Çarşamba

Berdinazar Hudaýnazarow Saýlanan Goşgular


  • Türkmenistanym
  • (Watan hakynda goşgy)

  • Sahawatyň salamyňdan duýulýar,
  • Salamda ýüregiň gyzgyny bardyr.
  • Synaga salynýar äden ädimiň—
  • Oturyp-turmaňam düzgüni bardyr.
  •                 
  • Gep-sözüňem ölçegi bar bu ýerde,
  • Az geple, kän diňle — şygaryň seniň.
  • Güler ýüzüň çytylmasyn gelene,
  • Eliňden gitmesin ygraryň seniň.

  • Gursagyň sabyrly, kalbyň şahandaz,
  • Ýeriň bereketli, gögüň güneşli.
  • Gurşunly kenek dek agras türkmenim,
  • Il-günüň bar maslahatly-geňeşli.

  • Pyragynyň parasadyn, pähimin.
  • Howa ýaly sorup alýan Diýarym.
  • Garaşsyz bir döwlet bolduň sen bu gün,
  • Ak ýürekden gözüň aýdyň diýýärin.

  • Hydyr gören guba çölüň göwsünde,
  • Yzarlaýan babalarymyň yzyny.
  • Daşlyň oýundaky mawy
  • ýowşanyň
  • Müň menzilden alýan näzik ysyny.

  • Seni öler ýaly söýmeýän bolsam,
  • Bu zatlary edip bolmaz ahyry!
  • Ak çägäňe ýüzin ýatyp sygynsam,
  • Ne-hä gussa galýar, ne-de agyry.

  • Müň ýyllardan galan miniralarda
  • Eliň görýän tapylgysyz ussanyň.
  • Gadymy höwürtgäm, nowça döwletim
  • Eý, meniň sähraýy Türkmenistanym!

  • Taryhyň ýüz gulaç guýular ýaly,
  • Çümüpdir geçmişiň çuňluklaryna.
  • Diňe şu toprakdan ömür sürmegi
  • Arzuw edýän agtyk, çowluklaryma.

  • Ynanýaryn, bu keremli toprakda
  • Entek beýik-beýik ogullar dörär.
  • Pes belent kişiniň öňüne düşmez,
  • Ýaş kiçi ýaşulyň yzyndan ýörär.

  • Agzybirlik arzuwyňa ýetirsin,
  • Agzybirlik owal-ahyr isläniň.
  • Alnyň açyk bolsun, ýollaryň abat,
  • Eý, eziz döwletim — Türkmenistanym !



  • *****************************************************
  • Goşgular başy

  • Bir-birine göwni ýetsin, ynsanyň,
  • Öz kemine bir azajyk uýalsyn.
  • Aklyň-a bar welin, ýöne goýalsyn,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Ýokarrakda bolsun gyşyk geplerden
  • Döşe kakman, goý, öwrensin köplerden.
  • Öz-özüňi arassala galplardan,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Erkek erkek bolsun, aýalam aýal,
  • Iňňän gadymlardan gelýändir bu ýol.
  • Gursagyňda hyjyw, başyňda hyýal,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Il bolsun, atyny ýeke çapmasyn,
  • Unutmasyn şol gadymy çatmasyn.
  • Ýöntemligi çenden-çakdan ötmesin,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Görogly haýbatly, hemlesi bolsun,
  • Goý, agrasy bolsun, ýeňlesi bolsun.
  • Ýöne her kişiň öz kellesi bolsun,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Agzy aşa ýetse aýnaman bilýän,
  • Synaga salynsa ownaman bilýän.
  • Özüni oýnatman, oýnaman bilýän,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Geplenýän gep, edilýän iş — saz bolsun,
  • Ýüreklerde iman, sözde duz bolsun.
  • Derleýän kän, gürleýäni az bolsun,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Seniň, mähekdaşyň agzybirlikdir,
  • Gedemlik etme, ol köre-körlükdir.
  • Bir baýdaga gulluk etmek ärlikdir,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Öňe gitjek bolma, unudyp yzyň,
  • Türkanarak bolsun geliniň, gyzyň.
  • Bize hemaýat ber, eý, Allam özüň,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,
  • Öz aslyny bilýän, pederin bilýän.
  • Umuman özüniň ederin bilýän,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

  • Biri-biriňi bagryňa bas, dogan diý,
  • Hemmejämiz şu toprakdan dogan diý,
  • Gözel geljegimde gözüm eglendi,
  • Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.


  • *****************************************************
  • Galkynyş

  • Taryh alyslardan — daşdan başlanýar,
  • Baharyň binýady gyşdan başlanýar.
  • Beýik iş kelleden — başdan başlanýar.
  • Egniň ýokarsynda ser bolsun türkmen.

  • Açyk ýüregiňe bar, açyk eliň bar,
  • Dünýäň dört künjünde gidim-gelim bar.
  • Ata Watanyň bar,
  • Ene diliň bar,
  • Diliňden dökülýän dür bolsun türkmen.

  • Gerçekler bolupdyr meşhurdan meşhur,
  • Göwnüň açyk bolsa, iş bolmaz müşgil.
  • Haýyr işler bilen bolawer meşgul,
  • Ownamasyn, mydam ner bolsun, türkmen.

  • Nakylyň bar: Toýa gitseň, doýup git,
  • Bir pula däl — pähimlere uýup git.
  • Aýbyň bolsa, şu asyrda goýup git,
  • Ýapyşan işiňe jür bolsun, türkmen.

  • Geçdiň ruhy sütümlerden, horlukdan,
  • Hudaýym saklasyn, köre-körlükden.
  • Zyýan çeken dälsiň agzybirlikden,
  • Agzyň elmydama bir bolsun, türkmen.

  • Ýalandan ýadadyk,
  • Indi Çyn gerek,
  • Aň-düşünje, akyl-paýhas çuň gerek.
  • Ynam, iman hemmesinden öň gerek,
  • Ähli zadyň ýerbe-ýer bolsun, türkmen.




  • ****************************************************
  • Hallaryň neneňsi,

  • Taplaryň niçik
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim?
  • Gel, söhbet edeli açykdan-açyk,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Ýüz müň öwüşginden örülen desse
  • Şahyra — şygyr sen, gürrüňçä — kyssa,
  • Ak säheriň nury ýaly arassa —
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Sen meniň gazabym, sen meniň näzim,
  • Ýüregimde gaýnap çykýan owazym.
  • Babalardan miras galan ýalňyzym —
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Halaldan halal süýt emeniň dili,
  • Eý, ynsabyň dili, ynamyň dili.
  • Uzalmasyn saňa ýamanyň dili,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Daňyň çygy, säherleriň süýdi sen,
  • Sallançakda meýmireden hüwdi sen.
  • Doň kalby eredip bilýän jady sen,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Iň agyr günlerde batamda oýa,
  • Öz dilimde nalyş etdim Hudaýa.
  • Seni zaýalasak — özümiz zaýa,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.

  • Söýýän, söýýän diýip dilime alman,
  • Harlansaň — aglaýan, gülleseň — gülýän.
  • Ýaşaweri hernä, saralman, solman,
  • Eziz ene dilim, mähriban dilim.




  • ****************************************************
  • Bu topragyň ogly bolup ýaşamak
  • Bu topragyň ogly bolup ýaşamak
  • Ýeňil iş-ä däldir, söwer ogullar.
  • Siziň babaňyz-a Magtymguludyr,
  • Bilýänsiňiz, aňryňyzam oguzlar.

  • Müň gowgany geçirendir başyndan
  • Bu topragyň dereleri, kölleri.
  • Göroglylar, Keýmir körler bolupdyr,
  • Bu topragyň beýik penakärleri.

  • Bilýänsiňiz, bu topraga siňipdir
  • Zakgun ýaly ajy ýaşlar, al ganlar.
  • Umydyny size goýup gidipdir,
  • Bu topragyň agysyny aglanlar.

  • Bu topragyň ogly diýdirmek üçin
  • Çabgajyk däl, siňňin ýagyş bolmaly.
  • Awusy, agysy, namysy bolup,
  • On iki süňňüň bilen bagyş bolmaly.

  • A siz kim bolýaňyz, ýeri, ýigitler,
  • Gözüňiz ýip-ýiti, sesiňiz gaty.
  • Şunça syn etsemem tanap bilmedim,
  • Siz kimiň perzendi, kimiň ymmaty?

  • Älhepus, bar zady bilýärsiňiz-de,
  • Diňe özüňizi bilýärsiňiz.
  • Beýle naşy, beýle kiçginekäňiz,
  • Nädip şunça goçak gürleýärsiňiz?

  • Ýok-la sizde bu topragyň gylygy,
  • Onuň keşbi, onuň mähri, tagmasy.
  • Bu ýerlerde nädip peýda bolduňyz,
  • Bagyşlaň, ýöne siz kimiň dogmasy?

  • Haýrandyryn, başga-başga ýerlerden
  • Geläýen-ä dälsiňiz-dä ýerlemän?
  • Bu toprakda gägirýäňiz — şolam bes!
  • Bu topragyň adyndan bir gürlemäň!

  • Eý Huda, bu niçik ahwalat boldy:
  • Azdykmykak ýa-da aýnap ýörmükäk?
  • Şer işlere, günälere göýdügip,
  • Keremli toprakda ownap ýörmükäk?

  • Öwünýäs biz arkadag bolup duran
  • Magtymguly atly taňrymyz bilen.
  • Ýöne haçana çen ýaşadarlarka
  • Özümiz däl, diňe aňrymyz bilen?..




  • ***************************************************
  • Garaz, kimiň kimdigi

  • Garaz, kimiň kimdigi
  • Ahyrsoňy bilinýä.
  • Bilmän geçsek näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Gowy, gowy zatlary
  • Görseň ýürek ýylynýa,
  • Görmän geçsek näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Bu dünýäde aglanýa,
  • Bu dünýäde gülünýä,
  • Gülmän geçsek näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Gözi ýaşlyny görsem,
  • Ýürek-bagrym dilinýä.
  • Dilinmese näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Kişä ýagşylyk etseň,
  • Ýagşy sözler diýilýä.
  • Diýilmese näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Biri dünýäden gitse,
  • Ýene biri dogulýa.
  • Dogulmasa näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Gözüň bilen görülýär,
  • Ýürek bilen duýulýa,
  • Duýulmasa näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä!

  • Ýazgardyňam, eý Alla!
  • Ýalkadyňam, eý Alla!
  • Ýalkamasaň näderdik —
  • Şükür, Elhamdülillä! 




  • ****************************************************
  • Bizi goldap bu günlere ýetirdiň

  • Bizi goldap bu günlere ýetirdiň,
  • Kadyr Alla, özüň ýene medet ber.
  • Huzuryňda kabul bolsun dilegim:
  • Uly pähim, kiçilere edep ber.

  • Eşretem eçildi ýyllarym, aýym,
  • Ezýetdenem ýetik berildi paýym.
  • Herne senden daş düşmedim Hudaýym,
  • Öňde görjek günlerime sähet ber.

  • Nämäň ýalandygy, nämäň çyndygy,
  • Kimiň düzüwdigi, kimiň şumdygy.
  • Görnüp durawersin kimiň kimdigi
  • Agyň, garaň arasynda serhet ber.

  • Bu topraga däldirin men bigäne,
  • Geldim ony ömürboýy söýmäge.
  • Owal-ahyr dogry sözi diýmäge
  • Gaýrat berdiň, Allam, ýene gaýrat ber.
  • Biri kesek atsa barýan ýoluma,
  • Ykbal ony duçar etsin päline.
  • Ownamazlyk üçin eziz ilime,
  • Mahal-mahal Göroglyny sowgat ber.

  • Gurbat gerek menzillerden ötmäge,
  • Zürýat gerek ömri dowam etmäge.
  • Ýetilmedik ak daňlara ýetmäge
  • Yzymyzda galjaklara müddet ber.

  • Göwünlere giňlik bersin kanagat,
  • Gözümizden gaýyp bolsun gabahat.
  • Görüp dursuň, göçüp barýar tebehet,
  • Adamlara sabyr bilen takat ber.

  • Gynansak-da, gökden ýol saldy berim.
  • Ýerden göterilýär haýadyr şerim.
  • Belany dep etjek bir seniň emriň,
  • Ýigde namys, gözellere uýat ber.

  • Ýagşy äre ýagşy ýarlar nesip däl.
  • Bu çyn. Ýöne agzap durmak uslyp däl.
  • Gara garnyň dolulygy hesip däl —
  • Çep gursaga sahawat ber, ganat ber.

  • Duşundan geçmäýin toýuň-u-ýasyň.
  • Biderek gitmesin çeken yhlasym.
  • Ata-babaň demi siňen mirasym —
  • Asly halal ojagyma döwlet ber.

  • Siňňin bolsun ýazda ýagan ýagyşlar.
  • Indikime sapak bolsun ýalňyşlar.
  • Maýsa bolup çogup çyksyn alkyşlar,
  • Saçagyma bereket ber, hümmet ber.

  • Çisňäp duran damja entek ýagmyr däl
  • Ol kim bolýar: çarwa-da däl, çomur däl.
  • Berjek bolsaň bir bikeşp ömür däl —
  • Ojar ýaly lowlap duran kysmat ber.

  • Mertebedir iň bir beýik şygarym,
  • Biribarym, iki dünýe çyragym.
  • Öz başymy çarap bilmedik çagym
  • Bakyýete ugramaga rugsat ber!




  • ****************************************************

  • Dilleriňde şepagat

  • Dilleriňde şepagat,
  • Ýüz-gözüňde sahawat.
  • Salamat bol, salamat,
  • Perişdemiň, eý adam?

  • Agyr günde diregim,
  • Sen ne beýle birehim?
  • Iň ullakan soragym:
  • Sen näme sen, eý adam?

  • Bilmen nämeden çeşmäň,
  • Oňmazmysyň uruşman?
  • Özüň özüňe duşman,
  • Sen näme sen, eý adam?

  • Müň menzilden geçen sen,
  • Dünýäň syryn açan sen.
  • Men soraýan: haçan sen
  • Adam boljak, eý adam?!




  • ****************************************************
  • Halaýyklar, ömrüň ýoly

  • Halaýyklar, ömür ýoly
  • Düz däl — büdür-südürlidir.
  • Kişi bardyr — buz ýalydyr.
  • Kişi bardyr — gadyrlydyr.

  • Şähtiň açar saba ýeli,
  • Gönder ondan salamyňy,
  • Bu gök daglar howalaly,
  • Dereleri atyrlydyr.

  • Ýollar aşdym ine-gana,
  • Şükür Alla, geçdim sana.
  • Guraklaram bardyr, ýöne
  • Il hezzetli-hödürlidir.

  • Hatar-hatar kerwen öten,
  • Gün astynda ýaýlyp ýatan
  • Bu Garagum atly Watan
  • Alalydyr, adyrlydyr.

  • Tüweleýler sogup ýören
  • Sähra maňa — bagy-erem.
  • Bizi ýagty dünýä beren
  • Guba çöller Hydyrlydyr. 




  • ****************************************************
  • Goşa çynar oturtdylar gapymda

  • Goşa çynar oturtdylar gapymda,
  • Kök ursun-da, kemal tapsyn, ylaýym,
  • Ykbal diňe adamlarda bolanok:
  • Goşa çynar, çöwsün hernä ykbalyň!

  • Dürtülen topragyň juda halaldyr,
  • Arassadyr seni oturdan eller.
  • Käte depäňizde arlar bulutlar,
  • Mahal-mahal dalar yzgytsyz ýeller.

  • Depeden türkmeniň ak güni çoýar,
  • Aşakdan nem alyp, ýognar damarlar.
  • Gatlaklary böwsüp, daşlary ýaryp,
  • Kökleriňiz çuňluklara çümerler.

  • Saçyňyzy ýuwar siňňin ýagyşlar,
  • Ak gara bürener juwan başyňyz.
  • Galkyndyrsyn meniň goja göwnümi
  • Al-asmana owsun atyp barşyňyz!

  • Goý, säherler sizi synlap guwansyn,
  • Bu goýun gözlerim — goşa çyragym.
  • Allam size ýaman gözden gorasyn,
  • Gapymda gögeren goşa çynarym!




  • ****************************************************

  • Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy

  • Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy,
  • Göz gözüň öňünde surata düşdi.

  • Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi,
  • Gijeler gözleri uky gelmedi.

  • Artdy iki kişiň mylaýym derdi,
  • Olar bir-birini düýşünde gördi.

  • Gulaklary şaňlap ýada düşdüler.
  • Bir-birini küýsäp, oda düşdüler.

  • Pynhan-pynhan ýerde duşulan çagşar
  • Olary il-günden gizledi baglar.

  • Ýüregiň öňünde ýürek açdylar,
  • Garaz, şeýdip juda ýakynlaşdylar.

  • Iki ynsan bir-birine ýar boldy,
  • Gyz-a gelin boldy, ýigit är boldy.

  • Bu ýagdaýda hepde geçdi, aý geçdi,
  • Gelin agraslandy, owadanlaşdy.

  • Edilen şert käte çyksa-da puja,
  • Gündiziň öýkesi ýazyldy gije.

  • Indi aýdaýaýn soň bolan zadam:
  • Adamdan döredi ýene bir adam.

  • Adamdan döredi ýene bir adam,
  • Oňa ömri uzak bolsun! diýdiler.

  • Toý tutuldy. Adam bary ýygnandy:
  • Guduraşyp, içdiler hem iýdiler.

  • Kinniwannja adam welin aglaýar,
  • Köşeşdirýär diňe enäň emmesi.
  • Gara çyny bilen çyrlaýar körpe,
  • Şady-horram galanlaryň hemmesi.

  • Bu neneňsi waka, niçik ahwalat?
  • Näme üçin aglaýar ol, gülenok?
  • Meger, dünýä bäş günlüjek gelenin
  • Çaga bilýär: Ullakanlar bilenok.




  • ****************************************************
  • Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup

  • Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup,
  • Bägül haýran galyp, agzyny açsyn.
  • Şahasyndan guşlar ören çynaryň
  • Damjalary ýere paýyrdap düşsün.

  • Ýaşyl ýaýlalarda göterilen buglar
  • Ümür bolup çöksün baýryň gerşine.
  • Aňk bolsun duýgusy inçelen adam
  • Ýere-göge nur çaýylyp durşuna.

  • Hol aşakdan ýylan ýaly towlanyp,
  • Baýryň depesine ýelmeşen ýoda.
  • Ortasyndan üzlen urgan şekilli
  • Şeýdip asylsyn-da, dursun howada.

  • Birdenem, Gün bulutlara duwlanyp,
  • Daglaryň etegi garalsyn gitsin.
  • Pöwrizäň üstünde gök gübürdände
  • Ýyldyrym ýagtysy Ýerbende ýetsin.

  • Ah, men neneň söýýän ýazyň çagbasyn.
  • Suwmonjuklar depä degip döwülsin.
  • Ýagsyn ýagyş!
  • Ýagsyn ýagyş, tozanlap
  • Asmana suw akytsyn.
  • Zemin ýuwunsyn.

  • Ak gyşlarda çopantelpek gar ýagsyn,
  • Ýerler doňup ýatsyn garyň astynda.
  • Meniň ýaşyl Tugly Türkmenistanym
  • Ýaşasyn dört pasyl nuruň astynda.

  • Ap-ak Aşgabadyň metjitlerinde
  • Adamlar hatardan dursun namaza.
  • Biribaryň ady bilen nem alsyn
  • Doňy çözlüp, ýumşap başlan Zamana.

  • Daşlynyň oýunyň eteklerinde
  • Köpelsin ýene-de towşan yzlary.
  • Gyzylly şaý ýaly asylly bolsun
  • Bu buýsançly halkyň gelin-gyzlary.

  • Sen gurşunly kenek ýaly agras bol.
  • Gudurama, türkmen.
  • Aýnama, türkmen.
  • Dünýäň eşretinden bolma binesip
  • Sür döwrany!
  • Ýöne ownama, türkmen!

  • Gerbiňdäki ak bedewiň buýsanjyn
  • Syndyrmasyn kesekiniň jylawy.
  • Egsilmesin alty ganat öýleriň
  • Ak bugdaýly alty putluk çuwaly.

  • Meniň indi dünýä injek agtygym
  • Gapysyna gulp urmaly bolmasyn.
  • Her gün ady bilen ýatyp, turdugym —
  • Beýik taňrym seni gözden salmasyn! 




  • ****************************************************
  •  dowamy baaaar......
  • Hiç yorum yok:

    Yorum Gönder