Magtymguly pyragy

AŞ/UNAŞ

Taýýarlamak üçin:: (5 adamlyk)
Hamyr üçin
~100 ml (1/2 bulgur) suw
1/3 çaý çemçesi duz
150 g (1 bulgur) un
Gaýnatmak üçin
2 nahar çemçesi noýba
2 l (8 bulgur) suw
1/2 nahar çemçesi duz
1 gyzyl burç
Gatyklamak üçin
4 nahar çemçesi süzme / gatyk
1 diş sarymsak



Noýbany bir gün öňünden suwda goýmaly. Gazana suw guýup, duz, noýba atyp, güýçli otda goýmaly. Suw gaýnanda, gazanyň oduny peseltmeli we noýba ýumşaýança gaýnatmaly.
Aşlyk hamyr üçin bir gaba suw, duz we un guýup, gatyja hamyr etmeli we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly.
Hamyra un sepip, 2 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyryň üstüne ep-esli un sepmeli-de, eliň bilen hemme ýerine ýaýratmaly. Un sepilen hamyryň dik ortasyndan iki gapdallaýyn, her tarapyny birküç gezek eplemeli. Hamyr ýelmeşmez ýaly, onuň her epininiň arasyna un sepmeli.
Bir eliňi hamyryň üstünde goýup, hamyry pyçak bilen inçejik kesmeli. Kesilen hamyry (aşy) iki eliňe alyp, uny döküler ýaly silkişdirmeli we gapagyň üstüne ýaýratmaly.
Gaýnaýan noýbaly suwa gyzyl burç we aş atmaly. Aş ýelmeşmez ýaly, tagta çemçe bilen 3-4 gezek bulamaly. Aş 8 minut gaýnansoň, oduny öçürmeli we biraz sowar ýaly, tagta çemçe bilen bulamaly. Soň onuň üstüne az-azdan gatyk guýmaly we gatyk kesilmez ýaly, bulap durmaly. Aşyň içine gaýnadylan gyzyl burçy çemçe bilen ezmeli we sarymsak gyrmaly.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder