Magtymguly pyragy

GYZGYN NAHARLAR / KÄDIBAŞ

Taýýarlamak üçin: 
1 kg. ete - 0,5 kg. pomidor
200 gr. sogan
300 gr. kartoşka
1 litr suw
burç we sogan gerek.




Muny bişirmek üçin yaş malyň eti gerek. Et ýagly bolsa gowy bolýar. Kädini (daş kädi bolsa has gowy), onuň ýokarky bölegini gapak şekilinde kesip, ikä bölmeli. Içini arassalamaly. Öňinçäsi dogralyp, duzlaityp we burçlanyp goýlan eti, sogan, pomidor bilen bile (eger - de kädiňiziň göwrümi ulurak bolsa, biraz böleklenen kartoşkany hem) onuň içine gapgarmaly. Üstünden 1 litr suw guýmaly we «gapagyny» ýapmaly (ýagny kädiniň kesilip aýrylan ýokarky bölegini öz ýerine goýmaly).
Soňra tamdyryň içinde berdaşlyrak odunlar (ojar bolsa has gowy) ýakmaly we odunlar doly ýanyp köz üyşmegine 5wrülensoň, közleriň ortasynda ýer açyp, kädini şol ýere oturtmaly (we biline çenli köze gömmeli). Soňra tamdyryň agzyny we körüklerini gowy ýapmaly. Şeýle ýagdaýda 1 sagat saklansa, kädili buglama taýýar bolar. Ony gatykdyr gök otlar bilen saçaga äbermeli.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder