Magtymguly pyragy

Mübärek olsun

Eý, garawul begi, Lebapdan gaçyp,
Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun!
Mirhaýdaryň külli baryndan geçip,
Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun!


Harazminde sürüp dürli «eşreti»,
Görüp geldiňizmi, ol han «hezreti?»
Imdi hiç görmeýen gamy-hesreti,
Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun!


 ... eýleban uzak endişe,
El urupsiz bu gün köp ýagşy işe,
Ylahym abraýly bolup hemişe,
Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun!


Bendi baglasaňyz, jepalar çekip,
Köp hasyl alar siz ekinler ekip,
Oturmaga hatar boz öýler dikip,
Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun!


Eşitmişem köp agyzdan, köp dilden,
Özün ötgeripdir diýrler bar ilden,
Hak berse, kän ekip akdan-gyzyldan,
Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun!


Biz hem geldik şu gün sizi görmäge,
Nesip etse, dürli döwran sürmäge,
Seýdi diýer, saglyk bilen ýörmäge,
Bu gelen ýurduňyz mübärek olsun!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder