Magtymguly pyragy

Harap eder

Çaparman algyr ýigidi
Ahyr galla harap eder.
Çyra ýanmaz gök ýüzünde,
Degse, gülle harap eder.


Baryşsaň mert bile baryş,
Namartlardan bitmez her iş,
Neri ýörüş, aty ýaryş, —
Uzak pelle harap eder.


Almak üçin il gezer pir,
Ýyl-ýyldan nebsi güýç getir,
Her ýetenler: «Sopy men» diýr,
Gury selle harap eder.


Tebibiň bolmasa duçar,
Niçik şypa tapar bimar,
Hassa galyp biygtyýar —
Awy berip, harap eder.


Ýagşynyň bolmaz hormaty,
Ýamanyň argar kuwwaty,
Seýdi diýer, şerigaty
Niçe molla harap eder.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder