Magtymguly pyragy

Sagat gütse gerekdir

Soltannyýaz begniň toýuna indi
Müneçjimler sagat gütse gerekdir.
Gelen dosty gitmän öýüne indi,
Hyzmat edip munda ýatsa gerekdir.


Çar tarapa çapar gitdi hat bile,
Hoş lybaslar geýip, ýüwrük at bile,
Gelse gaýy ili hem baýat bile,
Owal altyn gabak atsa gerekdir.


Başdan-aýak külli ärsary gelip,
Teke, salyr, saryk bisýary gelip,
Bil ki türkmen atly il bary gelip,
At münüp, don geýip gitse gerekdir.


Ýene her il sagdan-goldan ýetişip,
Garşy, Buhar, Garakölden ýetişip,
Omaçaly boz palaw boldan ýetişip,
Hemme hursand bolup gitse gerekdir.


Ýedi gün peýgadan bedew çapylyp,
Meýdanlar süpürlip, suwlar sepilip,
Şol gün her ne isteýeni tapylyp,
Bar işi alladan bitse gerekdir.


Ürgençden, Balkandan, Gazmin, Tährandan,
Maşatdan, Hyratdan, Balh, Badahşandan,
Gazakdan, Goňratdan, gyrgyz, Kokantdan,
Eşideni sürüp, ýetse gerekdir.


Niçe dokuz bagşy hoş owaz bile,
Söhbetler guralar dürli saz bile,
Ýene köp oýunçy, köp darbaz bile
Ajayyp oýunlar etse gerekdir.


Müň sukum, iki müň goýun soýulyp,
Uly ata bir gul baýrak goýulyp,
Oguz hanyň toýy kibi toý olup,
Köp tomaşa bile ötse gerekdir.


Muhapbetli hemme ýakyny-daşy.
Getirler halyna laýyk peşgeşi,
Oturyp iýende köp dürli aşy,
Eli-agzy ýaga batsa gerekdir.


Halk edende möwlam ezelde muny,
Köňlüne salmamyş zerre gaýgyny,
Bu toý üçin halky jemg eden güni,
Engamynyň sany ýitse gerekdir.


Gelen iliň hemme pakyry-baýy,
Geýerler özüne laýyk serpaýy,
Köp eşidip, nagarany, surnaýy,
Halkyň göz-gulagy gatsa gerekdir.


Iýgen aýdar «Aperinu-merheba!»
Dürli zyýapatlar her şamu-saba,
Belki, gelen hemme garyp-guraba,
Datmadyk tagamyn datsa gerekdir.


Seýdiniň ýalan bolmaz sözleri,
Enşealla, baryn görer gözleri.
Ýedi gün çapylan atyň tozlary
Aý-günüň şuglasyn tutsa gerekdir.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder