Magtymguly pyragy

Döwrany bardyr

Işabaşy ogly Soltannyýaz begiň
Bu dünýäde dürli döwrany bardyr.
Bedew münüp ýagşy ýigitler bilen,
Günde çoh sapaly seýrany bardyr.


Hemişe ýörüşi hüňker tutumly,
Sözlese, her kime sözi ötümli,
Subhy-şam jöwlany bolan ýetimli,
Hak bereket beren aş-nany bardyr.


Çyn begdir, hiç zatdan ýokdur perwaýy,
Her gelene berer dürli serpaýy,
Palaw iýip, içmäge gaýmakly çaýy,
Käseýi-çynydan çendany bardyr.


Owazasy düşüp ýakyn, yraga,
Belki, ýetişendir Ruma, Yraga,
Aman bolsa hemme beglere aga,
Bolmagyna niçe nyşany bardyr.


Il içinde hökmi bolsa hem jary,
Hiç bir musulmana ýokdur azary,
Her remezan aýy geltirip kary,
Sowap üçin hatmy-kurhany bardyr.


«Sahawatda Hatam Taýdan zyýada»
Diýen adam hergiz galmaz uýada,
Hyzmatyna her kim gelse pyýada,
At münüp, don geýip gitdigi bardyr.


Akyldan esräkdir onuň bar işi,
Mert ogludyr, merdanadyr ýörüşi,
Hoş görer mollany, hoja-derwüşi,
Olara köp haýyr-yhsany bardyr.


Tebgy belent, özi akylly, huşly,
Ýany mirşikärli, gollary guşly,
Ajap parasatly, merdana işli,
Haýsy mülküň beýle soltany bardyr.


Söweş güni keserlidir gylyjy,
Bardyr özi söweş ylmyn biliji,
Daýym yzy üzülmeýen geliji,
Her gün çar tarapdan myhmany bardyr.


Şaýdyr at-ýaragy, tükel esbaby,
Geýer daýym atlaz bile zerbaby,
Munça begi istäp Buhar, Lebaby,
Gezip tapmaklygyň emkany bardyr.


Atlansa, din yslam gylyjyn çalsa,
Ýaraşur küffardan baş puly alsa,
Otursa, öňüne arzaçy gelse,
Adalaty, dogry diwany bardyr.


Hiç kime ogşamaz syny-summaty,
Özge begzadadan köpdür hümmeti,
Ýalan diýse, bir Muhammet ymmaty,
Elbetde, dinine nuksany bardyr.


Il ýygylyp, günde berer salamy,
Hyzmatyn ederler manend gulamy,
Seýidi gul aýdar, halys kelamy
Sözlesem, tükenmez destany bardyr.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder