Magtymguly pyragy

Bedewsuwar indi

Ýörsün gyzylbaş üstüne
Niçe bedewsuwar indi.
Läş dökülsin läş üstüne,
Alynsyn hemme ar indi.


Baryp ülkesin çapaly,
Üýnüne suwlar sepeli,
Ar alyp, abraý tapaly,
Ýar olsa biribar indi.


Sapar esbaby şaýlansyn
Hem ýagşy-ýaman saýlansyn,
Bir mert daşyndan aýlansyn,
Namartdan set bizar indi.


Uýat gelse ýüzümize,
Duraly şul sözümize,
Köp mahaldyr gözümize
Bolmuş giň jahan dar indi.


Gorkup ekiz, üçem guzlap,
Galmaň öýde ýalan sözläp,
Ýesirleriň bärsin gözläp,
Bolandyr intizar indi.


Barsak bu gün käni bilen,
Ýesir çykar sany bilen,
Duşmanlaryň gany bilen
Ýer bolsun lälezar indi.


Sapar ýazda ýagşy işdir,
Gyş gününde köp teşwişdir,
Öňümiz gazaply gyşdyr,
Buz doňup, ýagar gar indi.


Bedewlere nagyl kakyň,
Naýzaga al ýalaw dakyň,
Her at arryk bolsa bakyň,
Tapylynça serdar indi.


Il üçin çekseňiz jepa,
Möwlam size eder wepa,
Hoş görüp, gözel Mustapa,
Söýünir çaryýar indi.


Seýidi aýdar, beg aga,
Wagda ediň atlanmaga,
Habar gönderiň Morjaga,
Dursun bolup taýýar indi.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder