Magtymguly pyragy

ÇORBA / UNAŞ

Taýýarlamak üçin: 
0,5 kg. una 
1 litre golaý suw 
duz, ýag 
100 gr. sogan
100 gr. çekize we biraz burç
sarymsak gerek .



Hamyry böregiňki ýaly ýugrulýar we unlyrak edip (ýelmeşmez ýaly) ýukajyk ýaýylýar. Soňra ýaýylan hamyr ýitije pyçak bilen uzyn - uzyn tarlar şekilde kesilýär. Eger aş tarlary juda uzyn bolsa, birki ýerinden üziip, (aş atylmaly suw taýýar bolýança) gapagyň ya-da elegiň üstünde ýaýradybrak goýmaly.
Ownujak kerçelen sogany biraz gowurdaga ýa - da mesge ýagyna gowurmyşlamaly, soňra üstüne suw guýup gaýnamyny çykarmaly. Bu wagta çenli başga bir gapda ozaldan gowy bişirilip goýlan noýbany (ýa - da mäşi) ýaňkynyň üstüne guýmaly. Nahar gaýtadan gaýnandan soňra oňa ilki duz, soňra aş atylýar. Aşlar gaýnap gazanyň diiýbüne çöküp ugradygy naharyň bişdigidir. Unaşyň dürli - dürli bişirilişi bar, ýagny ony jazly etseňem, jazsyz taýýarlasaňam bolýar. 01 goýun eti bişirilen çorba atylsa, has - da içine bir bölek gowurdak atylsa, has-da lezzetli nahara öwrülýär. Bu nahar käbir näsaglykda şypa nahary hökmünde hem ulanylýar. Bu ýagdaýda, adatça, onuň içine bitinligine atylan gyzylburçy gaýnadýarlar. Gaýnap - gaýnap ýumşap giden gyzyl burçy içi biraz aş çorbasyndan guýlan aýry bir käsä çykaryp, onda gowy - ezip, soňra her kim ondan öz işdä we zerurlygyna görä alyp, öz naharyna guyup içyär. Gyzylburç (şeýle hem biraz sarymsak) garylyp içilen unaş, näsagy gowy derledip, endam - janyny ýumşadýanlygy sebäpli, ol Gündogarda dümewiň ýörgünli emi hasaplanýar. Unaş adatça, çekize bulamagy garylyp iyilyär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder