Magtymguly pyragy

Görülsin indi

Gorky ede-ede ryswamyz çykdy,
Her ne nesip bolsa, görülsin indi!
Zalym duşman ahyr ýurdumyz ýykdy,
Köp ýatdyk, ýaranlar, turulsyn indi!


Möwlam bermiş bize niçe galany,—
Kytnamy, Perwerdi, Halaç, Çylany,
Başdan-aýak ýygyp hurdu-kelany,
Zalym beg üstüne ýörülsin indi!


Gaýrat edip, şirin jandan geçeli,
Gylyçdan gyrmyzy ganlar seçeli,
Duşman bilen aramyzy açaly,
Hemme şol ykrara gurulsyn indi!


Bir ýerde top bile baýdak dikilsin,
Goşun iki ýandan sap-sap çekilsin,
Kelleler kesilsin, ganlar dökülsin,
Arada gurt oýny gurulsyn indi!


Eger her kim gorky etse janyndan,
Aýrylmasyn aýalynyň ýanyndan,
Il gaçsa, aýrylar hanymanyndan,
Dogry durup, gylyç urulsyn indi!


Agzymyz bir etsek tükel ärsary,
Duşman geçebilmez serhetden bäri.
Her ýigidiň söweş bolsa hünäri,
Öňümize salyp, sürüsin indi!


Ýagy bolsa salyr, sarygu-teke,
Biz munda il bolmak ogşamaz ýeke,
Beýle oturynça pul çeke-çeke,
Bir gylyja dähmiz berilsin indi!


Seýdi diýr, gaýnap, daşyp, joş edip,
Bir bäş gün gezeli köňül hoş edip,
Çärjew begin ýeňsek, urup, uşadyp,
Zalym ähli tükel gyrylsyn indi!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder