Magtymguly pyragy

HAMYRLY NAHARLAR / BÄŞBARMAK

Taýýarlamak üçin: 
2 kg. dürli görniişli goýun etlerine (ýagny 1 goýun kellesi, 4 aýak, 0,5 kg. bagyr - öýken - böwrek - dil etlerine)
250 gr. düýp sogan
250 gr. pomidor
0,5 -1,0 kg. un
1 ýumurtga
gök ot, siizme ya - da gatyk 
duz we burç gerek.




Bu nahar adatça kellebaşayak çorbasyndan taýýarlanylýar.
Malyň kellebaşaýagyny, garnyny gowy arassalap, sowuk suwa salyp ýuwmaly. Gazana atyp, 10 min. gaýnatmaly we soňra ol suwy dökmeli. Soňra kelle, aýak, garny duzlap, gaýtadan gazana atyp, üstüne suw guýup gajnatmaly. Naharyň ýüzüne çykan köpükleri aýyrmaly. Soňra iistüne dogralan düyp sogan hem pomidor goşup, haýal ýanýan otda 2,5 - 3,5 sag. gaýnatmaly. (Islense, çorbasyna bagyr, öýken, böwrek, dil etlerini hem atmak bolar).
  • ýumurtga goşulan hamyr edip, ýukarak yaýmaly we soňra ony inedördül ýa - da romb görnüşde (4 x 4sm. ölçegde) böleklemeli. (Şeýle hamyr böleklerine halk arasynda «belke» diýilýär). Gaýnap duran kellebaşaýak çorbasynyň içinden bişen etlerini çykarmaly we ýerine belke böleklerini atmaly. 10 - 15 min. geçenden soňra (ýagny olar bişenden soňra) belke bölekleri hem süzüp çykarmaly. Olar sowaşýança çorbadan çykarylan etleri ownujak dogramaly.
Saçaga çekilende belkeleri ýaýbaň bir gaba salyp, dogralan etleri belkeleriň üstüne ýerleşdirmeli. Üstüne kerçelen gök ot, gyralaryna gatyk ýa - da süzme döküp iýseň, has - da işdä ýakyn bolýar. Çorbasyny aýry gaba guýup, üstüne gara burç sepip äbermeli. Gapdalyndan düýe ýa - da süzme çaly äberilýär.
Bu nahary goýun etlerine derek, üwelen et ulanyp etseň-de bolýar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder