Magtymguly pyragy

ÇORBA/Merjimek Çorbasy

Taýýarlamak üçin:  (4 adamlyk)
200 gr (1 bulgur) gyzyl merjimek
3 nahar çemçesi ösümlik ýagy
1 kiçi sogan
1 diş sarymsak
1½ l (6 bulgur) suw
1 nahar çemçesi owunjak wermişel (filini)
1 çaý çemçesi duz
1 çümmük narpyz (isleseňiz)



Sogany ýarym halka şekilinde dogramaly we ýagda biraz gowurmaly. Sarymsagy ownuk dograp, çala gowrulan soganyň üstüne atyp bulamaly we üstüne suw guýup, duz atmaly. Suw gaýnansoň, merjimegi ýuwup, suwa atyp bulamaly. Şondan soň merjimegi guýçli otda 15 minut bişirmeli.
Goşulmaly wermişeli saçda gyzarýança gowurmaly we çorbanyň oduny oçürmezden 2 minut öň çorbanyň içine atyp bulamaly. Çorba saçaga äberilende üstüne narpyz sepmeli.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder