Berdinazar Hudaýnazarow Saýlanan Goşgular
Türkmenistanym
(Watan hakynda goşgy)
Sahawatyň salamyňdan duýulýar,
Salamda ýüregiň gyzgyny bardyr.
Synaga salynýar äden ädimiň—
Oturyp-turmaňam düzgüni bardyr.
Gep-sözüňem ölçegi bar bu ýerde,
Az geple, kän diňle — şygaryň seniň.
Güler ýüzüň çytylmasyn gelene,
Eliňden gitmesin ygraryň seniň.
Gursagyň sabyrly, kalbyň şahandaz,
Ýeriň bereketli, gögüň güneşli.
Gurşunly kenek dek agras türkmenim,
Il-günüň bar maslahatly-geňeşli.
Pyragynyň parasadyn, pähimin.
Howa ýaly sorup alýan Diýarym.
Garaşsyz bir döwlet bolduň sen bu gün,
Ak ýürekden gözüň aýdyň diýýärin.
Hydyr gören guba çölüň göwsünde,
Yzarlaýan babalarymyň yzyny.
Daşlyň oýundaky mawy
ýowşanyň
Müň menzilden alýan näzik ysyny.
Seni öler ýaly söýmeýän bolsam,
Bu zatlary edip bolmaz ahyry!
Ak çägäňe ýüzin ýatyp sygynsam,
Ne-hä gussa galýar, ne-de agyry.
Müň ýyllardan galan miniralarda
Eliň görýän tapylgysyz ussanyň.
Gadymy höwürtgäm, nowça döwletim
Eý, meniň sähraýy Türkmenistanym!
Taryhyň ýüz gulaç guýular ýaly,
Çümüpdir geçmişiň çuňluklaryna.
Diňe şu toprakdan ömür sürmegi
Arzuw edýän agtyk, çowluklaryma.
Ynanýaryn, bu keremli toprakda
Entek beýik-beýik ogullar dörär.
Pes belent kişiniň öňüne düşmez,
Ýaş kiçi ýaşulyň yzyndan ýörär.
Agzybirlik arzuwyňa ýetirsin,
Agzybirlik owal-ahyr isläniň.
Alnyň açyk bolsun, ýollaryň abat,
Eý, eziz döwletim — Türkmenistanym !
*****************************************************
Goşgular başy
Bir-birine göwni ýetsin, ynsanyň,
Öz kemine bir azajyk uýalsyn.
Aklyň-a bar welin, ýöne goýalsyn,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Ýokarrakda bolsun gyşyk geplerden
Döşe kakman, goý, öwrensin köplerden.
Öz-özüňi arassala galplardan,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Erkek erkek bolsun, aýalam aýal,
Iňňän gadymlardan gelýändir bu ýol.
Gursagyňda hyjyw, başyňda hyýal,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Il bolsun, atyny ýeke çapmasyn,
Unutmasyn şol gadymy çatmasyn.
Ýöntemligi çenden-çakdan ötmesin,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Görogly haýbatly, hemlesi bolsun,
Goý, agrasy bolsun, ýeňlesi bolsun.
Ýöne her kişiň öz kellesi bolsun,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Agzy aşa ýetse aýnaman bilýän,
Synaga salynsa ownaman bilýän.
Özüni oýnatman, oýnaman bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Geplenýän gep, edilýän iş — saz bolsun,
Ýüreklerde iman, sözde duz bolsun.
Derleýän kän, gürleýäni az bolsun,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Seniň, mähekdaşyň agzybirlikdir,
Gedemlik etme, ol köre-körlükdir.
Bir baýdaga gulluk etmek ärlikdir,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Öňe gitjek bolma, unudyp yzyň,
Türkanarak bolsun geliniň, gyzyň.
Bize hemaýat ber, eý, Allam özüň,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,
Öz aslyny bilýän, pederin bilýän.
Umuman özüniň ederin bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Biri-biriňi bagryňa bas, dogan diý,
Hemmejämiz şu toprakdan dogan diý,
Gözel geljegimde gözüm eglendi,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
*****************************************************
Galkynyş
Taryh alyslardan — daşdan başlanýar,
Baharyň binýady gyşdan başlanýar.
Beýik iş kelleden — başdan başlanýar.
Egniň ýokarsynda ser bolsun türkmen.
Açyk ýüregiňe bar, açyk eliň bar,
Dünýäň dört künjünde gidim-gelim bar.
Ata Watanyň bar,
Ene diliň bar,
Diliňden dökülýän dür bolsun türkmen.
Gerçekler bolupdyr meşhurdan meşhur,
Göwnüň açyk bolsa, iş bolmaz müşgil.
Haýyr işler bilen bolawer meşgul,
Ownamasyn, mydam ner bolsun, türkmen.
Nakylyň bar: Toýa gitseň, doýup git,
Bir pula däl — pähimlere uýup git.
Aýbyň bolsa, şu asyrda goýup git,
Ýapyşan işiňe jür bolsun, türkmen.
Geçdiň ruhy sütümlerden, horlukdan,
Hudaýym saklasyn, köre-körlükden.
Zyýan çeken dälsiň agzybirlikden,
Agzyň elmydama bir bolsun, türkmen.
Ýalandan ýadadyk,
Indi Çyn gerek,
Aň-düşünje, akyl-paýhas çuň gerek.
Ynam, iman hemmesinden öň gerek,
Ähli zadyň ýerbe-ýer bolsun, türkmen.
****************************************************
Hallaryň neneňsi,
Taplaryň niçik
Eziz ene dilim, mähriban dilim?
Gel, söhbet edeli açykdan-açyk,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Ýüz müň öwüşginden örülen desse
Şahyra — şygyr sen, gürrüňçä — kyssa,
Ak säheriň nury ýaly arassa —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Sen meniň gazabym, sen meniň näzim,
Ýüregimde gaýnap çykýan owazym.
Babalardan miras galan ýalňyzym —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Halaldan halal süýt emeniň dili,
Eý, ynsabyň dili, ynamyň dili.
Uzalmasyn saňa ýamanyň dili,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Daňyň çygy, säherleriň süýdi sen,
Sallançakda meýmireden hüwdi sen.
Doň kalby eredip bilýän jady sen,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Iň agyr günlerde batamda oýa,
Öz dilimde nalyş etdim Hudaýa.
Seni zaýalasak — özümiz zaýa,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Söýýän, söýýän diýip dilime alman,
Harlansaň — aglaýan, gülleseň — gülýän.
Ýaşaweri hernä, saralman, solman,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
****************************************************
Bu topragyň ogly bolup ýaşamak
Bu topragyň ogly bolup ýaşamak
Ýeňil iş-ä däldir, söwer ogullar.
Siziň babaňyz-a Magtymguludyr,
Bilýänsiňiz, aňryňyzam oguzlar.
Müň gowgany geçirendir başyndan
Bu topragyň dereleri, kölleri.
Göroglylar, Keýmir körler bolupdyr,
Bu topragyň beýik penakärleri.
Bilýänsiňiz, bu topraga siňipdir
Zakgun ýaly ajy ýaşlar, al ganlar.
Umydyny size goýup gidipdir,
Bu topragyň agysyny aglanlar.
Bu topragyň ogly diýdirmek üçin
Çabgajyk däl, siňňin ýagyş bolmaly.
Awusy, agysy, namysy bolup,
On iki süňňüň bilen bagyş bolmaly.
A siz kim bolýaňyz, ýeri, ýigitler,
Gözüňiz ýip-ýiti, sesiňiz gaty.
Şunça syn etsemem tanap bilmedim,
Siz kimiň perzendi, kimiň ymmaty?
Älhepus, bar zady bilýärsiňiz-de,
Diňe özüňizi bilýärsiňiz.
Beýle naşy, beýle kiçginekäňiz,
Nädip şunça goçak gürleýärsiňiz?
Ýok-la sizde bu topragyň gylygy,
Onuň keşbi, onuň mähri, tagmasy.
Bu ýerlerde nädip peýda bolduňyz,
Bagyşlaň, ýöne siz kimiň dogmasy?
Haýrandyryn, başga-başga ýerlerden
Geläýen-ä dälsiňiz-dä ýerlemän?
Bu toprakda gägirýäňiz — şolam bes!
Bu topragyň adyndan bir gürlemäň!
Eý Huda, bu niçik ahwalat boldy:
Azdykmykak ýa-da aýnap ýörmükäk?
Şer işlere, günälere göýdügip,
Keremli toprakda ownap ýörmükäk?
Öwünýäs biz arkadag bolup duran
Magtymguly atly taňrymyz bilen.
Ýöne haçana çen ýaşadarlarka
Özümiz däl, diňe aňrymyz bilen?..
***************************************************
Garaz, kimiň kimdigi
Garaz, kimiň kimdigi
Ahyrsoňy bilinýä.
Bilmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
Gowy, gowy zatlary
Görseň ýürek ýylynýa,
Görmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
Bu dünýäde aglanýa,
Bu dünýäde gülünýä,
Gülmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
Gözi ýaşlyny görsem,
Ýürek-bagrym dilinýä.
Dilinmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
Kişä ýagşylyk etseň,
Ýagşy sözler diýilýä.
Diýilmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
Biri dünýäden gitse,
Ýene biri dogulýa.
Dogulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
Gözüň bilen görülýär,
Ýürek bilen duýulýa,
Duýulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
Ýazgardyňam, eý Alla!
Ýalkadyňam, eý Alla!
Ýalkamasaň näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
****************************************************
Bizi goldap bu günlere ýetirdiň
Bizi goldap bu günlere ýetirdiň,
Kadyr Alla, özüň ýene medet ber.
Huzuryňda kabul bolsun dilegim:
Uly pähim, kiçilere edep ber.
Eşretem eçildi ýyllarym, aýym,
Ezýetdenem ýetik berildi paýym.
Herne senden daş düşmedim Hudaýym,
Öňde görjek günlerime sähet ber.
Nämäň ýalandygy, nämäň çyndygy,
Kimiň düzüwdigi, kimiň şumdygy.
Görnüp durawersin kimiň kimdigi
Agyň, garaň arasynda serhet ber.
Bu topraga däldirin men bigäne,
Geldim ony ömürboýy söýmäge.
Owal-ahyr dogry sözi diýmäge
Gaýrat berdiň, Allam, ýene gaýrat ber.
Biri kesek atsa barýan ýoluma,
Ykbal ony duçar etsin päline.
Ownamazlyk üçin eziz ilime,
Mahal-mahal Göroglyny sowgat ber.
Gurbat gerek menzillerden ötmäge,
Zürýat gerek ömri dowam etmäge.
Ýetilmedik ak daňlara ýetmäge
Yzymyzda galjaklara müddet ber.
Göwünlere giňlik bersin kanagat,
Gözümizden gaýyp bolsun gabahat.
Görüp dursuň, göçüp barýar tebehet,
Adamlara sabyr bilen takat ber.
Gynansak-da, gökden ýol saldy berim.
Ýerden göterilýär haýadyr şerim.
Belany dep etjek bir seniň emriň,
Ýigde namys, gözellere uýat ber.
Ýagşy äre ýagşy ýarlar nesip däl.
Bu çyn. Ýöne agzap durmak uslyp däl.
Gara garnyň dolulygy hesip däl —
Çep gursaga sahawat ber, ganat ber.
Duşundan geçmäýin toýuň-u-ýasyň.
Biderek gitmesin çeken yhlasym.
Ata-babaň demi siňen mirasym —
Asly halal ojagyma döwlet ber.
Siňňin bolsun ýazda ýagan ýagyşlar.
Indikime sapak bolsun ýalňyşlar.
Maýsa bolup çogup çyksyn alkyşlar,
Saçagyma bereket ber, hümmet ber.
Çisňäp duran damja entek ýagmyr däl
Ol kim bolýar: çarwa-da däl, çomur däl.
Berjek bolsaň bir bikeşp ömür däl —
Ojar ýaly lowlap duran kysmat ber.
Mertebedir iň bir beýik şygarym,
Biribarym, iki dünýe çyragym.
Öz başymy çarap bilmedik çagym
Bakyýete ugramaga rugsat ber!
****************************************************
Dilleriňde şepagat
Dilleriňde şepagat,
Ýüz-gözüňde sahawat.
Salamat bol, salamat,
Perişdemiň, eý adam?
Agyr günde diregim,
Sen ne beýle birehim?
Iň ullakan soragym:
Sen näme sen, eý adam?
Bilmen nämeden çeşmäň,
Oňmazmysyň uruşman?
Özüň özüňe duşman,
Sen näme sen, eý adam?
Müň menzilden geçen sen,
Dünýäň syryn açan sen.
Men soraýan: haçan sen
Adam boljak, eý adam?!
****************************************************
Halaýyklar, ömrüň ýoly
Halaýyklar, ömür ýoly
Düz däl — büdür-südürlidir.
Kişi bardyr — buz ýalydyr.
Kişi bardyr — gadyrlydyr.
Şähtiň açar saba ýeli,
Gönder ondan salamyňy,
Bu gök daglar howalaly,
Dereleri atyrlydyr.
Ýollar aşdym ine-gana,
Şükür Alla, geçdim sana.
Guraklaram bardyr, ýöne
Il hezzetli-hödürlidir.
Hatar-hatar kerwen öten,
Gün astynda ýaýlyp ýatan
Bu Garagum atly Watan
Alalydyr, adyrlydyr.
Tüweleýler sogup ýören
Sähra maňa — bagy-erem.
Bizi ýagty dünýä beren
Guba çöller Hydyrlydyr.
****************************************************
Goşa çynar oturtdylar gapymda
Goşa çynar oturtdylar gapymda,
Kök ursun-da, kemal tapsyn, ylaýym,
Ykbal diňe adamlarda bolanok:
Goşa çynar, çöwsün hernä ykbalyň!
Dürtülen topragyň juda halaldyr,
Arassadyr seni oturdan eller.
Käte depäňizde arlar bulutlar,
Mahal-mahal dalar yzgytsyz ýeller.
Depeden türkmeniň ak güni çoýar,
Aşakdan nem alyp, ýognar damarlar.
Gatlaklary böwsüp, daşlary ýaryp,
Kökleriňiz çuňluklara çümerler.
Saçyňyzy ýuwar siňňin ýagyşlar,
Ak gara bürener juwan başyňyz.
Galkyndyrsyn meniň goja göwnümi
Al-asmana owsun atyp barşyňyz!
Goý, säherler sizi synlap guwansyn,
Bu goýun gözlerim — goşa çyragym.
Allam size ýaman gözden gorasyn,
Gapymda gögeren goşa çynarym!
****************************************************
Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy
Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy,
Göz gözüň öňünde surata düşdi.
Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi,
Gijeler gözleri uky gelmedi.
Artdy iki kişiň mylaýym derdi,
Olar bir-birini düýşünde gördi.
Gulaklary şaňlap ýada düşdüler.
Bir-birini küýsäp, oda düşdüler.
Pynhan-pynhan ýerde duşulan çagşar
Olary il-günden gizledi baglar.
Ýüregiň öňünde ýürek açdylar,
Garaz, şeýdip juda ýakynlaşdylar.
Iki ynsan bir-birine ýar boldy,
Gyz-a gelin boldy, ýigit är boldy.
Bu ýagdaýda hepde geçdi, aý geçdi,
Gelin agraslandy, owadanlaşdy.
Edilen şert käte çyksa-da puja,
Gündiziň öýkesi ýazyldy gije.
Indi aýdaýaýn soň bolan zadam:
Adamdan döredi ýene bir adam.
Adamdan döredi ýene bir adam,
Oňa ömri uzak bolsun! diýdiler.
Toý tutuldy. Adam bary ýygnandy:
Guduraşyp, içdiler hem iýdiler.
Kinniwannja adam welin aglaýar,
Köşeşdirýär diňe enäň emmesi.
Gara çyny bilen çyrlaýar körpe,
Şady-horram galanlaryň hemmesi.
Bu neneňsi waka, niçik ahwalat?
Näme üçin aglaýar ol, gülenok?
Meger, dünýä bäş günlüjek gelenin
Çaga bilýär: Ullakanlar bilenok.
****************************************************
Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup
Owadan Gün dogup gyzyl çog bolup,
Bägül haýran galyp, agzyny açsyn.
Şahasyndan guşlar ören çynaryň
Damjalary ýere paýyrdap düşsün.
Ýaşyl ýaýlalarda göterilen buglar
Ümür bolup çöksün baýryň gerşine.
Aňk bolsun duýgusy inçelen adam
Ýere-göge nur çaýylyp durşuna.
Hol aşakdan ýylan ýaly towlanyp,
Baýryň depesine ýelmeşen ýoda.
Ortasyndan üzlen urgan şekilli
Şeýdip asylsyn-da, dursun howada.
Birdenem, Gün bulutlara duwlanyp,
Daglaryň etegi garalsyn gitsin.
Pöwrizäň üstünde gök gübürdände
Ýyldyrym ýagtysy Ýerbende ýetsin.
Ah, men neneň söýýän ýazyň çagbasyn.
Suwmonjuklar depä degip döwülsin.
Ýagsyn ýagyş!
Ýagsyn ýagyş, tozanlap
Asmana suw akytsyn.
Zemin ýuwunsyn.
Ak gyşlarda çopantelpek gar ýagsyn,
Ýerler doňup ýatsyn garyň astynda.
Meniň ýaşyl Tugly Türkmenistanym
Ýaşasyn dört pasyl nuruň astynda.
Ap-ak Aşgabadyň metjitlerinde
Adamlar hatardan dursun namaza.
Biribaryň ady bilen nem alsyn
Doňy çözlüp, ýumşap başlan Zamana.
Daşlynyň oýunyň eteklerinde
Köpelsin ýene-de towşan yzlary.
Gyzylly şaý ýaly asylly bolsun
Bu buýsançly halkyň gelin-gyzlary.
Sen gurşunly kenek ýaly agras bol.
Gudurama, türkmen.
Aýnama, türkmen.
Dünýäň eşretinden bolma binesip
Sür döwrany!
Ýöne ownama, türkmen!
Gerbiňdäki ak bedewiň buýsanjyn
Syndyrmasyn kesekiniň jylawy.
Egsilmesin alty ganat öýleriň
Ak bugdaýly alty putluk çuwaly.
Meniň indi dünýä injek agtygym
Gapysyna gulp urmaly bolmasyn.
Her gün ady bilen ýatyp, turdugym —
Beýik taňrym seni gözden salmasyn!
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder