Magtymguly pyragy

BARADA





Döwletmämmet Azady 1695 - nji yilda eneden doglup, Garrygala, Etrek, Gürgen sebitlerinde yaşap geçipdir. Döwletmämmediň edebi lakamy Azady bolupdyr. Döwletmammediň kakasynyň adyna Magtymguly diýipdirler.

Ol dürli gol hünarleri bilen birlikde, ýona tikmage-de ökde ekeni. Şonun üçin oňa Magtymguly ýonaçy diýipdirler. Ol şahyrçylykdan habarly ekeni.

Magtymguly-ýonaçy özünin päk zahmeti bilen yaşan adam. Dayhançylyk, at esbaplaryny tikmek, gurnamak yaly işler bilen meşgullanypdyr. Ökde kümüşçi ussa bolupdyr. Özi-de sowatly, poeziýadan onat başy çykýan adam bolany üçin halk ony sylapdyr . ýonaçy öz kakasynyň-Döwletmammediň adyny dakýar . ýöne bu oglunyň ýaşlykdan “GARRYMOLLA” diýen lakamy ýörginli bolyar.Şu fakt garrymollanyň diňe bir kakasy Magtymguly-ýonaçy sowatly bolman, eýsem onuň atasy Döwletmämmet-ýonaçynyň hem halk arasynda “Molla” adyny alan hatly- sowatly adam bolandygyna güwä geçyär. Diýmek, Azady arkama-arkam aňyrdan gelyän sowatly, medeniyetli we gurply maşgalada dünä inipdir, terbiie alypdyr.

Döwletmämmet-Azady ilki oba mollasynda sowadyny çykýar. Soňra Hywa medreseleriniň birinde okuwyny dowam etdirýär. Medrese döwründe ol arap, pars dillerini kämil öwrenýär. Türki ýazuw dilini oňat özleşdirýär. Şol wagt şu dillerde ýazylan we talaplara elýeter bolan edebiýata, taryha, filosofiýa, esasan hem yslam dininiň taglymatlaryna degişli kitaplary, golýazma ýygyndylary irginsiz okaýar we öwrenýär. Megerem, şol ýyllarda onuň öz halkyna neneňsi hemaýat etmelidigi baradaky özboluşly oý-pikiri tertibe girip ugrandyr. Sebäbi Hywada okap, Nyzamyny, Nowaýyny, Jamyny, Hysrow Dählewini… okamazlyk, bilmezlik mümkin däl ahyry. Belki ony türki dilde eser ýazmaklyga iteklän Alyşir Nowaýy bolandyr!

Döwletmämmet-Azady Nowaýynyň “Sabai saýýar” (“Ýedi älem”) eseri bilen tanşanda, onuň 36-njy babynda Bähramyň Nowaýa ýüzlenip aýdýan şu sözlerini-de okandyr: “Olaryň ( Nyzamy, Dählewi, Jamy dagy göz öňünde tutulýar) farsy kelamlary farsy äheňler bolup, ondan çykan owazlar hem farsy labzyndady… Olary farsyçany bilyän kişiler okap, köp türki halklar ondan bibähre galypdyrlar. Sen öz nyzamyňny türki dilde ýazdyň, farsy dilinde yazmagy ar-namys bildiň…

Dünýädäki şahslar içinde kim türki bolsa, ol ýeriň halklary hem türki dilde gepleşýärler. Sen şu halaty hasaba alanyň sebäpli türki ulusyny (ilini) gaty begendirmekde, ylymly-bilimli etmekde, edebi döredijilik işine ugrukdyrmada uly rol oýnarsyň”

Döwletmämmet-Azady 65 ýaşap, 1760-njy ýylyň mart aýynda aradan çykýar. Magtymguly kakasynyň ölümüne bagyşlap ýazan “Atamyň” diýen elegiýasynda onuň 65 ýaşandygyny şeýle ýatlaýar:

“Altmyş bäşde, nowruz güni lu ýyly
Turdy ajal, ýoluň tusdy atamyň;
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli?
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň!”

Döwletmämmediň jaýlanan ýeri Etrek çaýy bilen Soňy dagynyň arasynda-Aktokaýda ýerleşýän Garry molla diýen gonamçylykdadyr.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder