Magtymguly pyragy

Jigi-jigi

Ýar, meniň golumy tutup,
Ýanyňa al, jigi-jigi!
Ýa sen güle-güle ötüp,
Bu ýana gel, jigi-jigi!


Seniň raýyňa garaýyn,
«Gel» diýseň, ötüp baraýyn,
Herne işiňe ýaraýyn,
Goýsa ajal, jigi-jigi!


Rehm edip, bakgyl gözüme,
Bir gülüp bakgyl ýüzüme,
Şu sapar herne sözüme
Etme bedel, jigi-jigi!


Waspyňy ýagşy ýazaýyn,
Her ýerde aýdyp gezeýin,
Yşkyňda daglar gazaýyn,
Bolmasam şel, jigi-jisi!


Ýaryňdyr adamyň pujy,
Ýetişmez bizlere güýji,
Talh agzymy eýle süýji,
Lebleri bal, jigi-jigi!


Hasyl etseň myradymy,
Bereýin hemme zadymy,
Indi syndyrma badymy,
Ýanyma gel, jigi-jigi.


Gözüň süzüp, gaşyň kakyp,
Meni sen öldürdiň ýakyp,
Durma beýle aşak bakyp,
Ýokary gal, jigi-jigi.


Meni bir şat etgin indi,
Myradyma ýetgin indi,
Ýa bu ýerden gitgin indi,
Etme haýal, jigi-jigi.


Eýlegil derdime derman,
Galmasyn köňlümde arman,
Men bolaýyn saňa gurban,
Ýüzleri hal, jigi-jigi.


Bir ýigidiň bagty çapar,
Bar kişiden myrat tapar,
Seýidini sen bir sapar
Goýnuňa sal, jigi-jigi

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder