Magtymguly pyragy

GYZGYN NAHARLAR / GOWURDAK

Taýýarlamak üçin: 
2 kg. ete -1 kg
guýruk ýagy
300 gr. suw we duz gerek.



Etleri çen bilen 20 - 30 gr. möçberde dogramaly. Etiň ýaglaryny da aýry dogramaly. Et ýuwlup, duzlanyp, birsalym goýulsa gowy bolýar. Etiň duzy alyşyança, dogralan ýaglary, gazana gapgaryp, iistüni ýapar ýalyrak dereje (gradus) ýyly howada suw guýmaly we gaýnatmaly. Gaýnap suwy çekilenden soň, ýag gowrulýar we bir bölegi suwuk ýaga, beýleki bölegi bolsa, jigirdege (ýagny gowrulyp, digir - digir gaty ýaglar görnüşine) geçip ugraýar. Jigirdekler mazaly gyzaryberensoň, olary süzüp çykarmaly we onuň ýerine gowruljak eti atmaly. Kemsiz gowrulyp başlansoň, oduny peseltmeli. Etler gaýnaýan ýag içinde gowrulyp, garalyp, üstüne ak köpük çykyp ugrandan soňra gowurdak tiz taýýar bolýar. Ony syrçaly gapda ýa - da küýzede öz ýagy bilen ýerleşdirmeli. 01 sowuk ýerde, bolmanda 10 derejede (salkyn) saklansa gowy. Ýaga gowrulanlygy sebäpli, soňra örän uzak wagtlap hili üýtgemän saklanýanlygy sebäpli, gowurdak köplenç çarwa türkmenleriň iň meşhur naharlarynyň birine öwrülipdir. Gowurdak sowuk görnüşinde çörek bilen iýmäge - de, gyzgyn çaýa atyp, üstüne çörek dograp iyseň-de, ondan çorba bişirip iýseň - de örän ýokumly (kaloriýaly) we tagamly naharlaryň biridir.
  1. Ýag gowrulmazdan öň duzlansa, onda ol yagdan jigirdek köp çykýar, eger ýag duzlanylman gowrulsa onda ýag köp çykyar.
  2. Et ýagda gowrulyp durka, üstüne biraz suw gaçyrylsa, ol gowurdak ýumşak bolar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder