Magtymguly pyragy

Soltan, Hatyja

Goýmaz rakyp görnüşiňe gelmäge,
Gözeller içinde soltan, Hatyja!
Bir gün gülli desmal içinde gözgi
Eýlär men sen tarap rowan, Hatyja!


Gizli derdim saňa eýlesem haly,
Bilenler aşyk diýr, bilmedik—däli,
Gözgüýe bak, göter gülli desmaly,
Bolsun biz garypdan nyşan, Hatyja!


Derdim köpdür, maňa tebip duş gelmez,
Köňlüm gamgyn, dünýe sözi hoş gelmez,
Hijran oky dogry geler, duş gelmez,
Sanjylar bagryma peýkam, Hatyja!


Pelek meni derde ulaşdyrypdyr.
Alypdyr aklymy, üleşdiripdir,
Basyp gam laýyna bulaşdyrypdyr,
Men bilmeýän sudu-zyýan, Hatyja!


Ah ursam, agzymdan çykan ot boldy,
Dost ýüzün dönderip, bizden ýat boldy,
Ähli duşman el çarpyşyp, şat boldy,
Maňa ýagy boldy jahan, Hatyja!


Seniň dek näzenin jahana gelmez,
Görsem, gözüm doýmaz, köňlüm aýrylmaz,
Ýanaşanda, seniň bilen deň bolmaz
Segsen gyz, segsen müň juwan, Hatyja!


Bu niçik syr boldy, bilebilmedim,
Ölüm pikrin tutdum, ölebilmedim,
Haýp, jepa çekdim, alabilmedim,
Köp galdy janymda arman, Hatyja!


Seýdi diýer, tirsem gunça gülüň men,
Emip sorsam lebleriňden balyň men.
Hyzmatyňda goly bagly guluň men,
Bolaýyn başyňa gurban, Hatyja!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder