Magtymguly pyragy

Gal indi

Ozalda şum boldy meniň kysmatym,
Ygtybarsyz ýalan jahan, gal indi!
Menzilim, mesgenim, ýurdum, watanym,
Ygtybarsyz ýalan jahan, gal indi!


Gowga güni Rüstem kibi gyzdygym,
Tora düşüp, jandan umyt üzdügim,
Başym silkip, serhoş bolup gezdigim,
Eşretli sürdügim döwran, gal indi!


Bendilikde ygtybar ýok bizlerde,
Çoh armanym galdy gara gözlerde,
Agdarlyp, mest bolup, ýazzy-düzlerde
At çapdygym däli meýdan, gal indi!


Dünýäýe geldigim bolmady belli,
Haýp, ýaşamadym ýüzde bir elli...
Zer warakly, ýüzi gyzyl jezwelli,
Okydygym kitap, kurhan, gal indi!


Gahba pelek bize saldy bu resim,
Näçe abatlary bozar sen basym,
Kesildi mejlisim, sazym, söhbetim,
Işigimde agyr diwan, gal indi!


Muhammetgylyç meniň bir gara dagym,
Bolsaýdy ýanynda gyssanan çagym...
Kyblagähim atam, çeşmim-çyragym —
Habyp Hoja ner-päliwan, gal indi!


Hazan urup, soldy ömrümiň güli,
Saýraman kapasda şeýda bilbili,
Kyýamat gardaşym, molla Zelili,
Sen yzymda düzüp dessan, gal indi!


Bile «gazat» diýip çykan goçlarym,
Siz gaçdyňyz, duşman aldy daşlarym,
Hemdem bolup gezen hemsyrdaşlarym,
Deňim-duşum, ýary-ýaran, gal indi!


Haýp boldy arman bile galanym,
Kim eşider garyp ýerde ölenim...
Seçip, saýlap, höwes bile alanym,
Göz guwanjym, Hatyja jan, gal indi!


Bir atadan Mäti — ýalňyz gardaşym,
Bihabar sen, duşman alypdyr daşym,
Läşim goýup, duşman aparsa başym,
Sen onda eder sen pygan, gal indi!


«Geljek» diýip giden ýolumy gözlän,
Kesip-kesip gara bagryny duzlan.
Köşekden aýrylan, maýa dek bozlan
Käbäm enem, bagry birýan, gal indi!


Ýakasyn çäk edip, synasyn daglan,
Matam tutup, gara geýip, ýas baglan,
Hijran ody bilen jigerin daglan
Orazbibi, naçar dogan, gal indi!


Seýdi diýer, munda çekdi topragym,
Ýa reb, tapylarmy meniň soragym?
Hem bu dünýä, hem o dünýä geregim —
Kirpigi ok, gaşy keman, gal indi!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder