Magtymguly pyragy

GYZGYN NAHARLAR / ÜZÜM DOLAMASY

Taýýarlamak üçin: 
500 gr. ete - 200 gr
sogan, 100 gr. ýag 
Üzüm ýapraklary
burç we duz gerek.




Ýagly jylka eti sogan bilen garyşdyryp et üwelýän raaşyndan geçirmeli. Soňra ony gaýnadylan tüwi, gara burç, duz bilen garyşdyrmaly. Üzüm ýapraklaryndan ýaşajyklaryny saýlap alyp, baldagyny aýyrmaly. Ilki olary sowuk suwda gowy ýuwup, soňra üstünden gaýnag suw akytmaly. Soňra taýýarlanan etli dürüşdäni üzüm ýapragyna salyp dolamaly we gazanyň düýbünde rejeläp ýerleşdirmeli. Üstüne biraz sogandyr pomidor salnyp gowrulyp taýýarlanan çorbany guýup, (guýlan çorba dolamalaryň iistüni basmaly däl), agzyny ýapyp, haýal ýanýan otda gaýnatmaly.
Taýýar bolan dolamanyň üstüne gatyk ýa - da gaýmak döküp iýilse ol has - da tagamly bolar.
Dolamany üziim ýapragyna derek, kelera ýa - da şugundyr ýapragyny ýa - da goýnuň öz içýag gatlagyny (onuň ýukarak böleklerini) ulanyp hem taýýarlamak bolar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder