Magtymguly pyragy

Amyderýa

              Türkmenistanyň iň uly derýasy Amyderýa ýaşy boýunça-da juda gadymydyr. Ol Oguz Han atamyzyň eýýamyndanam has irki dö-würlerden bäri öz ýakasynda mesgen tutunan ilata bol mele suwuny eçilip gelýär. Heňňamlaryň birnäçe adynyň bolandygyny taryhy maglumatlardan bilýäris. Bir döwürde onuň ady beýik Oguz Han atamyzyň ady bilen baglanyşdyrylyp,Öüz,Ügüz,Oguz (Oks) derýasy diýlen bolsa, belli bir döwürde Çayhun derýasy diýlen-
digini-de çaklamak mümkin. Çaýhun ady <derýa> manysyndaky <çaý> sözi bilen taryhyň belli bir döwründe eždatlarymyzyň göte-ren <hun> adynyň birikmeginden emele gelip, <Hunlaryň derýasy>
manysyny berýär/Soňra,uzak ýyllaryň dowamynda, bu adyň birinji bölegi biraz ses üýtgemesine sezewar bolup, Jeyhun görnüşinde bizim günlerimize gelip yetipdir.
   Deryanyň Amyderýa ady-da has gadymy bolmaly.Megerem,ol derýanyň iň ilkinji atlarynyň birinden gelip çykan bolsa gerek.
Özem ol başga <Amul> görnüşinde aýdylyp, döwre göre birnäçe atlar ornuny çalyşsa-da, iň soňunda yzyna <uly suw ýoly> many-
syndaky <derýa> sözüniň goşulmagy bilen Amyderýa görnüşinde
ýene-de öz ornuna gaýdyp gelendir. Derýanyň bir zamanlar Amul
adyny göterendigi bolsa taryhdan mälimdir.
   Şu mahallarm derýa ýakasynyň ilatynyň bu derýanyň adyny doly
tutman,  ýöne  <Amy>  diýäýýän  halatlaryna  köp  duş  gelinyär. 
(<Amynyň boýuna gitdik>, <Amynyň suwy joşupdyr> we ş.m.).
Eýsem derýanyň adyna esasy orny eýeleýän <Amy> sözi nireden
geldikä? Ol Amul sözüniň biraz üýtgen görnüşidir.Megerem,<Amul> sözi, dilçe alymlaryň käbiriniň ýazyşy ýaly, Oguz Handan
öňki köphudaýlylyk döwründe düzüminde suw manysyndaky <ul>
sözi bolan <Amul> adyny g,teren aýal hudaýyň ady bilen baglany-
şykly bolsa gerek. Ýeri gelende aýtsak, bu at dünyäniň çar künjüne ýaýran gadymy pederlerimiziň bir mahallarky yaşan topraklaryn-
daky  derýalaryň başga-da käbirlerinde öz yzyny galdyrypdyr.
Meselem, Amur derýasyny ýadyňyza salyň!
    Bu çaklamamyz bilen käbir adamlaryň ylalaşmazlyklaram müm-
kin. Çünki yer-yurt atlaryny öwrenýän alymlaryň birnäçesi derýa-
nyň ady onuň ýakasyndaky şähere däl-de, şäheriň ady derýanyň 
adyna täsir edýän diýen pikire berk uýýarlar. Şonuň üçin-de, Amy-
derýanyň adyna-da onuň kenarynda ýerleşen Amul şäheriniň ady-
nyň geçendigi baradaky pikiri öňe sürýän alymlar bar. Emma der- 
ýanyň ömrüniň Amul şäheriniňkiden has irkidigini nazara alsak,
heniz şäheriň ady-sory ýok mahaly bu töwerekde ýaşan ilat derýany
Amul derýasy diýip atlandyryp biler ahyryn. Soň onuň kenarynda bina edilen şähere-de derýanyň adynyň dakylaýmasy bolup biljek 
zat. Şeýle mysallar Ýewropadaky derýalaryň ýakasynda bina edilen
şäherleriň atlary bilen baglanyşykly köp duş gelyär. Geliň, indi at 
hakdaky çaklamalarymyza nokat goýalyň-da, derýanyň özi bara-
daky söhbede geçeliň.
    Dünýä boýunça alanyňda-da uly suw akyny hasaplanylýan Amy-derýanyň uzynlugy 1415 kilometr bolup, onuň ýokaryakymlary bolan Penç we Wahş derýalaryny-da hasaba alsaň, onda onuň jemi 
uzynlygy 2540 kilometre ýetýär. Şonuň iň uly aralygynyň, yagny 1000 kilometriniň bizim döwletimiziň çäklerinden, galan böleginiň
bolsa Täjigistanyň we Özbegistanyň çäklerinde akyp geçýändigini
nazara alsaň, onda köp suwly bu derýany Garaşsyz döwletimiziň iň 
uly derýasy diýip buýsanç bilen aýdyp bileris.
   Gözbaşyndan bärde aglaba yerde Owganystan bilen goňşy yaşa-
yan döwletlere serhet  bolup hyzmat edyän Amyderýa biziň döwle-
timiziň çäklerine gelýänçä birnäçe ululy-kiçili deryalar goşulyar.
Biz köplenç Amyderyany Penç we Wahş derýalarynyň birleşmegi netijesinde emele gelen derýa hasaplasagam, bu ulu suwa Pamir, Gunt, Bartang, Ýazgulem, Wanç, Surhob, Obihingou, Gunduz, Kofirnigan, Surhanderýa , Şerabat derýalarynyň we başga-da birnä-
çe kiçijik derýajyklaryň goşandy bardyr. Şerabat derýasyndan soňra
tä Aral deňizine çenli bu uly derýanyň yoluna ýekeje derya-da goşulanok.
   Amyderýanyň esasy goşyndylarynyň biri bolan  Penç  derýasy 
Wahş Pamir derýalarynyň birikmeginden emele gelyär. Beýleki bir 
esasy goşundyhasaplanylýar Wahş derýasy bolsa öz gözbaşyny 
Owganystandaky Hindiguş daglarynyňdemirgazyk ýapgydyndaky 4900 metr belentlikde ýerleşen Werewskiý buzlugundan alyp gaýdaýr.
    Amyderýanyň esasy goşantlarynynyň biri bolan Penç derýasyna
baryp guýýan Pamir derýasy bolsa öz gözbaşyny Täjigistanyň Pamir daglaryndaky Zozkölden alyp gaýdýar.
    Görşümiz ýaly,Amyderýa esasan belent dag gerşindeki buzlardan
we garlardan suwlulanýar. Munuň özi derýanyň ýazyna we tom-
syna joşmagyna ýiti täsir edýär. Çünki daglardaky garyň ermegi
derýanyň ýazyna joşmagyna getirse, buzlaryň ermegi onuň tomus
paslynda joşmagyna sebäp bolýar. Ylmy maglumatlara göre, mart
aýyndan suwy mesäp ugraýan Jeýhunyň mele suwy iýun, iýul ay-
larynda iň ýokary derejede köpelýär. Şonda bu äpet derýanyň suw
geçirijiligi her sekuntda 9000 metr kuba çenli ýetýär. Tomsuna suwuň şeýle köpelmegi, kähalatda, derýa ýakasyndakyekerançylyk
meydanlarydyr ilatly nokatlara howp salsa-da, ekinler juda zerur mahaly dayhanlar üçin diýseň amatly şertlerleri döredýär.
    Gyş golaýlap, howa çigräp ugransoňbelent dag gerişlerindeki 
garlardyr buzlaryň eremesi azaalýar. Şondan soň Jeýhunyň suwy kemäp ugraýar. Gy; aýlary bolsa ol has azalyp, sekuntda 400-500 metr kuba ýetýär.
    Amyderýanyň yene-de aýratynlygy, ol juda çalt akansoň, sowuk gyş onuň diňe aşak akymlaryny doňdyryp bilýär. Orta akymlary bolsa, has gazaply gyşlarda bolaýmasy, aglaba doňmaýar. Suwy
çalt akansoň, ýokary akymlaryna sowuk gyşlarda-da doňmak
mahsus däldir.
   Amyderýa adatça howanyň sowuk pasyllary az suwly bolansoň,
kenarýaka ilata ýa-da ekin meýdanlaryna howp salmaýar. Emma gyş has gazaply gelip, buz bölekleri hanany böwetlese, onda der-
ýanyň suwy çişip, iki gyrasyny basýan halatlary bolýar. Muňa mysal hökmünde 1968-1969-nji ýylyň gazaply gyşynda derýanyň suwunyň doňmagy sebäpli dörän buz bölekleriniň Türkmenabadyň deňizindäki köpriniň öňüni böwetläp, suwy çişirmegi netijesinde şäheri suw basandygyny ýatlamagam ýeterlikdir. Ýöne beýle tebigy
hadysalar örän seýrek bolýar.
       Amyderýa diňe bir öz döwletimizde däl, eýsem dünýä boýunça-da iň batly akýan derýa hökmünde tanalyşy ýaly, suwy-da
örän bulançaklygy bilen belledir. Onuň 1 metr kub suwunda ortaça 3,6 kilograma çenli gyrmança saklanýar. Şonuň üçin-de, Jeyhun derýasy orta hasap bilen düzlüklere her ýylda 230 million tonna-danam gowrak gyrmança getirip çökeryär. Onuň ilki daşyp, soňra 
taşlap giden meýdanlarynda ekilen ekinleriň bol hasyl getirýän-
diginem bellemek gerek. Çünki derýanyň galdyryp giden gyrman-
çasynyň düzümi hek, kaliy, fosfor ýaly oba hojalyk ekinlerine diy-
seň peýdaly minerallara ören baý bolýar. häzirki döwürdederýanyň 
şagoplarynda  gowun-garpyz, şaly ekip, ören bol hasyl alýan daý-hanlaram munuň şeýledigini tassyklaýarlar.
   Amyderýanyň ortaça duzlulygy Atamyrat şäheriniň ýanlarynda
her litrde 0,5 bolandygyndan, aşak akymlara gitdigiçe höpelýär.
Muňa esasanam, öňki döwürlerde ençeme zeý suwlarynyň derýa
guýdyrylmagy uly täsir edýär. Hormatly Pridentimiziň howandar-
lygy netijesinde indi zeý suwlarynyň derýanyň süýji suwlaryna 
guýdurulmagynyň öňi alnyp barýar. Nesip bolsa ýakyn ýyllarda
Garagumyň jümmüşindäki Türkmen köliniň işe girizilmesi bilen
Diýarymyzyň zeý suwlarynyň derýa guýulmagy düýpli bes ediler. Eýýam Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň ähli zeý suwlarynyň baş
akabalara birigip, Türkmen kölüne sary süýşüp barşy Amyderýanyň
suwunyň duzlaşmak derdinden saplanýandygyndan habar berýär. 
Bu bolsa biziň döwletimiziň diňe bir öz halkymyzyňbähbitleri üçin amala aşyrýan beýik işi bolman, eýsem süýji suwa aýawly çeme-
leşmek ugrunda dünýä boýunça alnyp barylýan adalatly işe-de beý-
ik goşandydyr.
   Amyderýa öz suwundan peýdalanýan döwletleriň ekerançylygy 
üçin esasy suw çeşmesi bolup hyzmat edýär. Onuň suwunyň her ýylky möçberiniň orta hasap bilenýetmiş göterime golaýy oba hoja-
lyk ekinlerini suwarmak üçin ulanylýar. Ýeri gelende aýtsak, biziň
döwletimiziň suw serişdeleriniň hem esasy bölegi--95 göterimini Amyderýanyň mele suwy üpjün edýär. Munuň özi häzirki beýik
Galkynyşlar eýýamynda ýurdumyzyň oba hojalygyny,senagatyny
ösdürmekde, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde bu derýanyň ähmiýetiniň juda uludygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
    Biziň döwletimizde ynsan gollary bilen bina edilen iki sany uly derýa---Garagum derýasy bilen Türkmenderýa gojaman Jeyhyun-
dan gözbaş alyp gaýdýar. Mundan başga-da, Lebap, Daşoguz wela-
ýatlarynyň ýüzlerçe gektar meýdanyny suw bilen üňjün edýan uly kanallaryň birnäçesi Amyderýadan ýa-da suwundan suwlulanýar
howdanlardan gözbaş alýar.
   Amyderýanyň uzak geçmişde birnäçe gezek akyn ugruny üýtge-
dendigini biz bilýäris. Onuň bir mahallar Uzboýuň häzirlerem mese-mälim bildirip duran köne hanasynyň ugry boyunça günbatara akyp, Hazar deňzine guýan döwürlerem bolupdyr. Şol mahallar Uzboý gämi gatnawly uly suw ýoly eken. Onuň hyzma-
tyndan ýerlikli peýdalanmagy başaran täjirler öz gämilerinde haryt-
laryny Hindistana çenli äkidip bilipdirler. Uzboýuň iki gyrsyny bolsa bag-bagjaly, ýaşyl öwsüp duran ekinzarlykly türkmen obalary
jähekläpdir.
  Emma Amyderýanyň ugryny üýtgetmegiň netijesinde, on altynjy asyryň ýetmişinji ýyllarynda derýa suwy Uzboýuň hanasy boýunça
günbatarlygyna akmagyny bes edýär. Şeýdip, Uzboýuň ýakasynda
ýaşan ata-babalarymyz suwly ýerlere köpçülikleýin göç edýärler, Yöne gojaman Jeýhunyň öz ugryny üýtgedenine birnäçe asyr geçenem bolsa, häli-häzirlerem onuň akan ugryny saýgarsa bolýar.
Uzbaýyň ugrunda käbiri şor, käbiri bolsa süýji suwly köljegazlar duş gelýär.
Dowamy bar...

1 yorum: