Magtymguly pyragy

GYZGYN NAHARLAR / BATYRMA

Taýýarlamak üçin: 
100gr. ete - 1 - 2 düýp sogan
l00gr. pomidor
200 gr. kartoşka
100 gr. mäş 
100 gr. noýba
2 ýumurtga, duz gerek.




Eti ownujak dogramaly, duzlamaly we ýagda gowurmyşlamaly. Üstüne sogan we pomidor dogramaly. Suw guýmaly we gaýnamaga goýmaly. Eti bişip ugransoň, ownujak dogralan kartoşka atmaly.
Aýratyn bir gapda öňinçä gaýnadylyp goýlan mäşi we noýbany atmaly. Saçaga almazdan 10 min. öň ýany lawr ýapragydyr biraz narpyz, 1-2 sany - da ýumurtga atmaly.
Et bolmadyk halatda suwa derek et çorbasyny guýsaňyz hem ýeterlik bolar.
Saçaga çekilende üstüne biraz gaýmak ýa - da gatyk dökülse, has hem işdäli iýler.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder