Magtymguly pyragy

HAMYRLY NAHARLAR/ IŞLEKLI

Taýýarlamak üçin: 
0,5 - 1 kg. una - 0,5 kg. et, 
250 gr. sogan
100 gr. guýruk ýagy
duz we burç gerek.




Ýaglyrak jylka eti çapgylap (ýa - da et üwelýän maşynyň iri gözünden geçirip) kerçelen sogan bilen deňe - deň garmaly - da, duzdur gara burç sepmeli.
Hamyr etmeli. Hamyry alan hamyr bolsa işlekli ýumşak bolýar. (Eger muňa wagt bolmasa, onda onuň hamyryny azrak çay sodasy garylan ýuwanjak gatyga ýugurmaly). Ondan her biriniň möçberi 20
  • 30 sm bolar yaly kesip alyp, tegelek görnüşde ýaýmaly (ýöne gaty ýukaltmaly däl, galyňlygy 1 sm. töweregi bolsun. Ýuka bolsa ýarylmagy mümkin). Soňra ýaýylan şol hamyrlaryň aşakda durjak gatynyň töweregini kiçijik «haýatjyk» görnüşinde galdyryp, onuň üstüne taýýarlanyp goýlan etli garyndyny bolrak we endigan ýazyp çykmaly.

Soňra ýaýyp goýan ikinji bölek hamyryňyzy alyp, birinjiniň üstüne laýyk goýmaly hem - de gyralaryny büküp çykmaly. (Kä halatlarda işlekliniň ýokarky gatynyň ortaragynda ini 3 - 4 sm. - lik deşijek açyp goýýarlar. Deşijegiň agzyny hamyrdan ýasalan göbejik ýa - da käte boýy çen bilen 7-10 sm. bolan, içi deşik gamyş berkidýärler. Bu nahar bişen wagty onuň gaýnaýan buglarynyň daşa çykmagy, ýagny işlekliniň ýarylmazlygy üçin zerur). Soňra tekizjek bir ýerde ojardan uly ot ýakýarlar, ondan köz üýşmegi emele gelýär. Şol köz üýşmegini iki ýana serpip, aralygyndan işlekli ýerleşer ýaly ýer açýarlar. Işleklini şol ýere, gyzgyn çägäniň üstüne goýýarlar. Soňra gyra süýşürilen gyzgyn çägeleri yzyna sürüp, ony doly gömýärler. Soňra üstüne ýene - de oduň közlerini üýşürýärler. 1 sag. geçenden soňra işlekli taýýar bolýar. Çägeden çykar-ylan işlekli adatça gury esgi bilen arassalanýar. Çarwa türkmenler işleklini bu görnüşde çöl meýdan şertlerinde taýýarlapdyrlar.
Işleklini tamdyr içinde, ojak içinde, şeýle hem gaz peçiniň howurpejinde taýýarlamak bolýar. (Tamdyra salnyp ýa - da gazyň howurpejinde (duhowkasynda) taýýarlanan işlekli halk arasynda «fitçi» diýip hem atlandyrylýar).
Bu usulda taýýarlananda, tabanyň içine biraz ýag çalynýar, ýaýylan hamyryň birini (onuň galyňrak ýaýylan bölegini) gyralary biraz daşa çykybrak duran görnüşde edip, onuň içine düşeýärler. Oňa üwelen eti ýukarak görnüşde ýazyp çykýarlar, üstüni bolsa hamyryň ýuka ýaýylan bölegi bilen örtýärler we gyralaryny büküp çykýarlar. Peçe salnaýmanka hamyryň ýokarky gatynyň ýüzünde birnäçe deşijek edýärler we oňa biraz ýag hem çalýarlar. Soňra ony howurpeje (duhowka) ýa - da ýaňyrak çörek bişirilen tamdyryň içine salyp bişirýärler. Zerur halatynda ýüzüne biraz suwjagaz hem sepişdirýärler. Işlekli howurpeçde ýa - da tamdyra salnyp taýýarlananda, onuň ýüzüne ýumurtga sarysyny - hem çalýarlar. Şeýle edilende onuň üsti deň gyzarýar, şeýle hem bu işlekliniň has gelşikli bolmagyna ýardam edýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder