Magtymguly pyragy

KEBAPLAR / КЕВАР (Tamdyr kebaby)

Taýýarlamak üçin: 
800 gr. ete -100 gr. sogan
30 gr. mesge
1 sany ýumurtga 
duz we burç gerek.




Bu naharyň gowrup bişirilişi hem bar, çişe düziip, köz üstünde bişirilişi hem bar.
Yagly eti sogan bilen bilelikde et üwelýän maşyndan geçirmeli. (ýa - da pyçak bilen ownuk edip çapgylamaly). Duzdur burç hem goşup garyşdyrmaly.
  1. Eger - de ol tabada bişiriljek bolsa, onda taýýarlanan garyndydan alyp, ony islenýän şekile salyp, tabada ýaga bişirmeli. (Ýag bolmadyk halatda az - kem suwa buglasaňam bolar).
  2. Eger - de ol çişde bişiriljek bolsa, onda taýýarlanan et garyndysyna 1 - 2 sany ýumurtga hem garmaly. Bu kebabyň çişde pytrap gidibermezligi üçin zerur. Soňra ol garyndydan kebap syhyna 8x10 sm. uzynlykda düzmeli hem - de közüň üstünde goýup bişirmeli.
Taýýar bolan kebaby ukrop, sogan, sirke ýa - da limon suwuny sepişdirip saçaga äbermeli.
Kebaby balykdan hem taýýarlamak bolýar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder