Magtymguly pyragy

GYZGYN NAHARLAR / GÖMMEÇ

Taýýarlamak üçin: 
1 toklynyň etleri
2 kg. pomidor
1 kg. düýp sogan
50 gr. sarymsak
50 gr. narpyz
10 - 15 sany lawr ýapragy
islege görä duz we burç gerek.




Tokly ýa - da çebiş soýulýar. Soýlanda derisine zyýan ýetirmezlige çalyşmaly. Derisi ýüzüne ýag galdyrylybrak soýulsa has gowy.
Alnan eti 50 - 100 gr. möçberde böleklemeli. Sarymsak, sogan, narpyz ýapragy, gara burç atyşdyryp duzlamaly. Duzy gowy alyşýança, agzyny ýapyp goýmaly.
Çägeli bir ýerde ot ýakmaly. Ody köp közli bolar ýaly, ojar ýakylsa has gowy. Ot ýanyp, köz üýşmegi emele geler weli, onuň ortasynda deri sygar ýaly ýeriň közüni aýyrmaly.
Soňra taýýarlanan etiň üstüne azrak suw sepişdirip, ony deriniň içine salmaly. Deriniň üç aýagyny gowy daňmaly. (Boýun we yz tarapyny - da daňmaly). Dördünji aýagynyň ujuna bolsa, içi deşik gamyş geýdirmeli. Közi aýrylan gyzgyn çägäniň içine et salnan derini gömmeli. (Gömülende, deriniň dördünji aýagyna berkidilen gamyşyň ujy açyk galmaly. Ýogsa et bişende gyzgyn buglar daşary çykmasa, deriniň ýarylmagy mümkin).
Soňra çägäniň üstüni ýene közler bilen yapmaly we gömmeli, şol ýagdaýda 3-4 sagatlap, goruň astynda goýmaly.
Saçaga çekilende etini aýry gaba, çorbasyny ayry gaba guýup äberseň hem bolýar, ikisini - de bir gaba guýup äberseň - de bolýar. Onuň üstüne ownuk dogralan ukrop, petruşka sepilse, gapdaly bilen gök sogandyr diiýe çaly äberilse, ol has - da işdämen iýilýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder