Magtymguly pyragy

JYNSY ISLEG-ARZUWLAR WE AHLAK TERBIÝESI

Ýasaýşy jynsy gatnaşyksyz göz öñüne-de getirmek kyn. Ol biziñ aýrylmaz bölegimiz, ol tebigatyñ iñ gadymy kanuny. Jynsy islegler adama hemmetaraplaýyniñ güýçli täsir edýän zat. Sen haýsy milletden bolsañam, haýsy dine ynansañam (ynanmasañ hem), haýsy jemgyýetde ýaşasañ hem barybir bu duýgy seni özüne bendi edýär. Bu duýgyny gizläp saklap bolmaýar. Aslynda jynsy isleg-arzuwlaryň barada aç-açan gürrüň edilmegiň jemgyýet tarapyndan ýazgarylmagy gerekmikä beri?
Adamyñ psihikasy hem haýsy zat gadagan edilen bolsa, adam hem gaýta soña has beter ymtylgyç bolýar. Häzirki wagtda jynsy gatnasyklar gitdigice aç-açanlasyp baryana meñzeýär. Media serisdeleriniñ, internetiñ, köp funksiýaly ykjam telefonlaryñ ähli kişä diýen ýaly elýeter bolmagy esasan hem yaslaryñ arasynda birinji orunda pornografik filmleriñ ýaýramagyna getirdi. Indi hatda öýde oturan gyz hem islese ähli zatdan habarly bolup bilýär. Ykdysady, medeni, sosial taýdan ösen dasary döwletleriñ köpüsinde jynsy gatnasyklar aýyp görülmese-de, bu entek biziñ türkmen jemgyýetimizde geñräk görülýär. Sol döwletleriñ ýaşlarynyñ aglaba bölegi öýlenjek gyzynyñ "gyzlygynyñ" bolanyndan bolmanyny gowy görýärler (gyzyñ jynsy gatnasyk etmäge tejribesi bolsa gowy hasaplaýarlar). Emma beýle zat biziñ türkmen oglanlarymyzyñ kabul edip biljek zady däl (hut meniñ özüm-ä kabul edip bilemok). Emma adam daşyndan her näçe edep-ekramly, utanjañ, namysly görünse-de, ol hiç haçan özüniñ jynsy (erotiki) fantaziýalaryndan el çekip bilmez. Erotiki fantaziýalaryñ baýamagynda ýaşlaryñ birinji "kömekçisi" bolsa jübi telefonlaryndaky pornografik filmler. Özem bu filmler şeýle bir ýaýrapdyr welin, indi olary aradan aýyrmak mümkin dälmikä diýýän. Onsoñ ýaşlar (gyz-oglan hemmesi) sol filmlerdäki gahrymanlaryñ arasyna goşulyp, dürli hili jynsy gatnasygyñ pozalaryny hyýalynda janlandyryp, elbetde onanizm bilen meşgul bolýarlar (tertipsiz jyns gatnasyklarynyñ bolýan wagty hem köp). Sol jynsy gatnasygyñ pozalarynda has özüne çekijilerinden jyns gatnaşygynyň adaty bolmadyk görnüşleridir. Sol pornografik filmleriñ hemmesinde diýen ýaly adaty jyns gatnasygy, adaty däl görnüşleri bilen utgasdyrylyp edilýär. Şu hili gatnaşyklara lukmanlaryñ garaýşy nähilikä? Geljekde biziñ jemgyýetimizde jynsy gatnaşyklara nähili garalmagy zerur? Geliñ, hic zatdan utanman, çekinmän arkaýyn özümizi gyzyklandyrýan zatlar barada hiç zady utanç görmän aç-açan, ýöne edepli dilde pikir alşalyñ! Onsoñ hem türkmeniñ "Aýbyny ýaşyran aýñalmaz" diýen bir nakyly bar.
Saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy!
Jynsy gatnaşyklary we ahlak meseleleri baradaky açyk pikir ýöretmeleriňiz bilen tanyşmak biziň üçin örän gyzykly boldy. Biz saýtymyzda sorag-jogap bukjasyny açan döwrümizde jynsy gatnaşyklar we bedeniň jyns agzalary barada berilýän soraglary edebi dilde beýan etmek olaryň üstünde biraz işlemeli bolýardyk. Beýle diýmek bilen okyjylarymyz sowatsyz diýmekçi bolamzok. Ýöne türkmençilikde bu mowzukdan aç-acan gürrüň etmek aýyp hasaplanansoň, ýaşlarymyz jynsy gatnaşyklaryny beýan etmek üçin edebi sözleriň bardygyndan hem biraz bihabar ekenler. Şonuň ücin-de, Siziň öz soragyňyzy edebi dilde beýan edip, edepli pikir alyşmaga bolan islegiňiz ýaşlarymyzyň jynsy gatnaşyklary babatda sagdyn düşünjeli bolmaga ymtylýandygyndan habar berýär.
Dogrudan hem, häzirki zaman gatnaşyk we habar beriş serişdeleri jynsy gatnaşyklary barada doly maglumaty (erotiki we pornofilmler görnüşde) almaga mümkinçilik döretdi. Eýsem oňa garşy göreşmek gerekmika? Eger gerek bolsa, onda nädip?!
Siziň belleýşiňiz ýaly, islendik gadagan edilmeler adamda öňküden hem beter gyzyklanmalar döredip, ony kanagatlandyrmak üçin dürli ýollary (dogry we dogry däl) gözlemäge mejbur edýär. Esasy zat, jynsy gatnaşyklarynyň fiziologiýasy, onuň dürli aýratynlyklary, ulanylýan howpsuzlyk serişdeleri baradaky maglumaty özwagtynda we dogry adamlara (esasy hem ýaş adamlara) ýetirmekdir.
Ol gatnaşyklaryň söýgi diýen duýgunyň dowamaty bolup durýanlygyny nygtamak has hem wajypdyr.
Bu çäreleri ýaşlar bilen kim geçirmeli? Ene-atalar, ýetginjegiň sylaýan uly ýaşly garyndaşy, terbiýeçiler, mugallymlar, lukmanlar, sosial gullugynyň işgärleri, habar beriş serişdeleri... Jynsy terbiýe bir günüň işi däl-de, uly jogapkärçilikli we hysyrdyly zähmetdir.
Jynsy gatnaşyklara we onuň adaty, adaty däl görnüşlerine bolan islegi diňe jübütleriň özi kesgitläp biler. Esasy zat ol gatnaşyklar iki tarap üçin hem ýaramly, lezzetli we howpsuz bolmalydyr.
Lukmanlar diňe lukmançylyk jähtinden ýüze çykyp biljek kynçylyklary çözüp we maslahat berip bilerler. Meselem, jynsy gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň we islenilmedik göwreliligiň öňüni almak, adaty däl jynsy gatnaşykda içege şikeslenmeleriniň öňüni almak babatda maslahat bermek, lýumbrikantlar (nemlendirijiler) barada maglumat bermek we ş. m.
Jynsy gatnaşyklaryň görnüşi, ýygylygy jübütleriň terbiýesine, häsiýetine, fiziologiki aýratynlygyna, ýaşyna, dini garaýşyna, erotiki fantaziýalaryna baglylykda saýlanyp alynýandyr.
Ine, lukmançylyk jähtinden biz Size gysgaça jogap berdik. Jogabamyzyň Sizi kanagatlandyrmazlygy hem mümkin. Ýöne Siziň bu soragyňyz diňe biz lukmanlara däl, eýsem okyjylarymyza hem degişli diýip hasaplaýarys. Şonuň üçin-de, saýtymyzyň okyjylary hem bu gürrüňimize goşulyp, öz pikirlerini beýan ederler diýen umydymyz bar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder