Magtymguly pyragy

Iki söýgi





Gije-gündiz öwrüp-çöwrüp hyýaly,
Yhlas edip aýdylmadyk sözlere,
Çaganyň gursaga badalşy ýaly,
Ýakyn boljak boldum sähra-düzlere.



Şäher--meň mesgenim, sähra--düşelge,
Haýsyn goysaň, ýürek şoňa towusar.
Bu ýaşyl otlara gözüň düşende,
Seniň gözleriňem ýaşyl öwüser.


Bu topragyň sahylygna ser salyň
Gögermejek zat ýok biziň sährada.
Aýagyňy yere gömseň bir salym,
El--şahaňa ýaprak örjek şo bada.


Ýarylyň guçalar, ýaşyl pyntyklar,
Meniň teşne ýüregimiň geregi
Bomba deý ýarylyň goý şol tultuklaň
Dokuz bally titräp gitsin ýüregi.


...Kän zada yetmekçi bolýanmy Ahmal.
Onda aýdyň; -- Oň dermany nirede 
Şeydip, entäp ýörün toprak hem asfalt--
Iki sany uly polyus arada.


Şeydip, ikiarada ýörün pelpelläp--
Säherde, sährada çekip emgegi.
Bu ullakan bir dert bilen keselläp,
Şahsyýetiň ikä bölünmegimi.


Şäherde ýaşasam, sähra meň gaýgym,
Sährada ýaşasam, şäher meň ünjim.
Olaň ilkinjisi--birinji söýgim, 
Ikinjisi bolsa, has-da birinjim.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder