Magtymguly pyragy

ÇORBA / DOGRAMA

Taýýarlamak üçin: 
2 kg. ete (şol sanda ýürek, bagyr, öýken, böwreklere) 
1 kg. sogan, 
0,5 kg. pomidor, 
duz, burç we 5 petir çörek gerek.


Bu nahar adatça täze mal soýlan wagty, goýun etinden bişirilýär. Ilki bilen dograma çorbasy taýýarlanýar. Munuň üçin malyň dürli et bölekleriniň, süňkleri döwliip ýa-da owradylmazdan, gazana atmaly we üstüne suw guýup, haýal ýanýan otda gowy gaýnatmaly. (Malyň öýkenini, bagyrdyr böwregini hem atmaly). Üstüne çykan köpügi aýrylyp, gaýnap duran çorba dogralan pomidor hem duz atylýar. Soňra gaýnap - gaýnap piile bolup giden etler süzülip alynýar, gazanyň ody bolsa ýene biraz peseldilýär.
Biraz sowaşandan soňra etlerirt iihlisi öz süňklerinden sypyrylyp aýrylýar, soňra bolsa ownujak dogralýar.
Nahara garyljak çorek garmasy üçin, ýorite petir* çörek taýýarlanýar (* Petir çörek bu azajyk hamyrmaýa atylan, ýöne* aldyrylmadyk çörekdir. 01, adatça, tamdyrda taýýarlanýar. Tamdyr ýok ýerinde ony howurpeçde hem taýýarlap bolýar.). Çörekler taýyar bolup biraz sowaşansoň, olaryň ara - gatlary açylyp, maýdaja edilip dogralýar. Soňra düýp soganlaryň daşy ardylýar we olar hem mümkingadar ownuk dogralýar. Soňra et, sogan we çörek bularyn bary bilelikde mäjum edilip garylýar. (Garylmazdan ozal çorbanyň ýüzüne çykýan ýagdan alnyp, çörek dogramasynyň üstüne sepelense, ol dograma has ýumşak bolýar).
Bu nahara malyň kelle - ayak bölekleri hem goşulyp edilse, ol has -da tagamly bolýar. (Munuň üçin goýnuň kellebaşaýaklaryny gowy arassalap, ilki sowuk suwda ýuwulýar. Soňra gazana atyp, 10 min. gaýnadyarlar. Soňra diňe suwuny dökyärler. Soňra hemmesini täzeden gazana atyp, üstüne suw guýup, 2,5 - 3,5 sag. haýaljak otda gaýnadýarlar.).
Kelle - aýak dogramasy saçaga äberilende, ony üstüne sepip iýmek üçin, naharyň ýany bilen külkelenen gara burç hem äbermek türkmenlerde däbe öwrülen bir ýörelgedir.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder