Magtymguly pyragy

ÇORBA/ŞÜLE

Taýýarlamak üçin: (4 adamlyk)
2 nahar çemçesi gowurdak / 1 nahar çemçesi ak ýag / 3 nahar çemçesi ösümlik ýagy
1 kiçi sogan
2 pomidor
1 1/2 l (6 bulgur) suw
1/2 çaý çemçesi duz
1 çümmük iri gyzyl burç
200 gr (1 bulgur) togalak tüwi



1. Gazana gowurdak atyp, aram otda goýmaly. Gowurdagyň ýagy eräp başlanda, onuň içine sogan dogramaly we ýumşaýança gowurmaly. Soganyň üstüne pomidor dogramaly we bulamaly. Soň gazana suw guýup, duz we gyzyl burç atmaly. Gazanyň oduny güýçlendirmeli.
2. Tüwini ýuwup, gaýnaýan çorbanyň içine atmaly we bulamaly. Çorba gaýtadan gaýnap başlanda, gazanyň oduny peseltmeli. Tüwini aram otda, ýumşaýança (15 minut) bişirmeli.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder