Magtymguly pyragy

Çagdyr bu çaglar

Ölçerme odumy, gozgama derdim,
Dert başymdan aşan çagdyr bu çaglar.
Nadanmyşam, bir biwepa dil berdim,
Ýardan köňlüm sowşan çagdyr bu çaglar.


Şunça jepa çekdim, bolmady paýym,
Bu nalyşym eşitmedi hudaýym,
Gökdäki röwşenim — ýyldyzym, aýym
Halka urup ýaşan çagdyr bu çaglar.


Gahba pelek otyr çarhyn ters towlap,
Dost köňlün galdyryp, duşmanyň awlap,
Etim çişe düzüp, süýegim çowlap,
Süýeklerim bişen çagdyr bu çaglar.


Men dönsem-de köňlüm ýardan dönen ýok,
Ýar zalymdyr, maňa rehmi inen ýok,
Meniň bu halyma bile ýanan ýok,
Synama ot düşen çagdyr bu çaglar.


Siz mert biliň yşk azabyn çekeni,
Azap çekip, elin ýuwup çykany,
Yşkyň söwdasynda gamyň tikeni
Sanjyp, bagrym deşen çagdyr bu çaglar.


Dosta derdim aýan etdim söz bilen,
Arz etmişem elli merte ýüz bilen,
Jowap berer göze, ýakyp köz bilen,
Hal hetdinden aşan çagdyr bu çaglar.


Seýdi diýr, baş alyp gidewer bir ýan,
Uçarga — ganat ýok, ýörerge — perman,
Aýdawer, janynda galmasyn arman,
Däli köňlüm joşan çagdyr bu çaglar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder