Magtymguly pyragy

Ärsarynyň ýigitleri

Her ýerde çoh abraý tapar
Ärsarynyň ýigitleri.
Ganym görse, dogry deper
Ärsarynyň ýigitleri.


Hiç zada salmaz nazarlar,
Daýyma mestan gezerler,
Hem okyrlar hem ýazarlar
Ärsarynyň ýigitleri.


Orta ýerde top dikerler,
Iki ýanda sap çekerler,
Watan üçin gan dökerler
Ärsarynyň ýigitleri.


Özi Hatam çöreklidir,
Hemme arslan ýüreklidir,
Seýilhanda gereklidir
Ärsarynyň ýigitleri.


Iki ýana elleşerler,
Alar awyn belleşerler,
Oljany hup telleşerler
Ärsarynyň ýigitleri.


Seýdi diýer, bu jahanda
Ölse, arman ýokdur onda,
Mugtaberdir seýilhanda
Ärsarynyň ýigitleri.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder