Magtymguly pyragy

DYKMA

Taýýarlamak üçin: 
Goýun ýa - da geçiniň bagyr,(öýken, ýürek)
ýaglyrak jylka eti
1 kg. et -
 200 gr. sogan, 
2 pomidor, 
sarymsak,
 bolgar burçy, 
duz gerek.


Goýun ýa - da geçiniň bagyr, öýken, ýürekdir böwregini, biraz-da ýaglyrak jylka etini ownujak kerçäp garyşdyrmaly. Onuň üstüne kerçelen sogan, sarymsak, bolgar burçuny - da ownujak dograp atmaly. Soňra gara burç we duz hem garmaly. Ondan soňra malyň gowy arassalanan ýogyn içegesini alyp, onuň bir ýan ujuny sapak bilen daňmaly, beýleki ujundan bolsa, taýýarlan garyndyňy onuň içine guýup, soňra ol ujuny - da sapak bilen daňmaly. Gazana dykmany, sogan, pomidor, ukrop, petruşka we lawr ýapragyny atmaly. Soňra ony haýal ýanýan otda 1 ýa - da 1,5 sagat gaýnatmaly. (Bu nahary gazyň howurpeçde hem taýýarlamak bolar).
Nahar taýyar bolansoň, çorbasy aýry gapda, üstüne hem gök otlar sepilip äberilse, onuň gapdalyndan gaýmak ýa - da gatyk goýulsa, has hem gowy göriilýär.



Türkmenlerde taýýarlanyşy bu naharyň taýýarlanyşyna golaýrak ýene bir - iki sany nahar bar.
Taýýarlamak üçin:
1 dowaryň garny,
bagröýkeni,
guýrugy,
2 kg. et,
1 kg. sogan,
duz we burç gerek.

01aryň biri «Garyn çorbasydyr». Munuň dykmadan parhy muňa guýruk ýagy hem dogralyp goşulýar, taýýarlanan garyndy bolsa içegä däl - de, malyň garnyna dykylyp, daşyna sapak oralýar. Şeýle hem ony çorba salyp, ýuwaş ýanýan otda has köpräk (hat - da 3 - 4 sagatlap) gaýnatmaly bolýar.

Dykma meňzeş beýleki bir nahara bolsa «Şöhlat» (käbir ýerlerde «Ýörme») diýýärler we ol, esasan, Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde meşhurdyr.

Taýýarlamak üçin: 1 kg. töwerek bagröýken, 
0,5 kg. ýürek, 
bir malyň tutuş iç ýagy, 
0,5 kg. sogan, 
işdä görä duz we burç gerek.  


   Taýýarlamak üçin, täzeje soýlan goýnuň ýa - da geçiniň çerbisini (iç ýagyny) ýyrtman alýarlar. Malyň bagyr, öýken we ýüregini maýdaja dograp, dogralan sogan bilen garyşdyryp, üstüne yeterlik burç we duz
sepýärler. Içýag perdesi bir salym ýyly suwda ezilip goýlansoň, ony bölekläp, her bölege 100 150 gr. dürüşde salyp dolaýarlar we ýörme çözlenip pytrap gidibermez ýaly, inçejik sapak bilen tikip çykýarlar. Soňra ol ýörmeler içinde et gaýnadylan çorbanyň içinde gaýnadylýar.
Ýörme sowamanka ýa - da sowuklygyna iyilse hem tagamly nahardyr.
işdahiniz açyk bolsun

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder