Magtymguly pyragy

HAMYRLY NAHARLAR / MANTY

Taýýarlamak üçin: 
1 kg ete - 0,5 kg. un
2 ýumurtga
500 gr. düýp sogan 
200 gr. guýruk ýagy 
500 gr. kädi
500 gr. pomidor 
50 gr. gaýmak, duz we burç gerek.



Eti guýruk ýagydyr düýp sogan bilen aralaşdyryp et maşyndan geçirmeli. Soňra oňa gara burç we duz garmaly. Içine ownugrak dogralan kädi goşulsa has - da şüwliimli bolar.
Hamyr edip, ol demini alar ýaly bir salym goýmaly. Soňra ýukajyk ýaýmaly - da, çen bilen 7x8 sm. ölçegde kesişdirip, böleklere bölmeli. Taýýarlanan et garyndysyny onuň üstünde goýup, hamyr uçlaryny bükmeli.
Guýruk ýagy tapylmasa, oňa derek mesge ýa - da günebakar ýagy hem bolsa bolar. Hamyryna ýumurtga goşulsa buglananda ýarylmaz. Ulanýan etiňiz ýaşrak düýe (ogşuk) eti bolsa, beýle mantynyň tagamy has süýji, siňmesi has ýeňil bolýar. (Et tapylmadyk ýagdayynda mantynyň içine kädi salyp hem etmek bolar. Eger etiňiz azrak bolsa, oňa kartoşka we kelemi et üwelyän maşyndan geçirip garmak bolar ýa - da gyrgyçdan geçirilen kädi goşup bilersiňiz).
Bu nahar, adatça, «Manty pitileri» (manty gazany) atlandyrylyan ýörite alýumin pitilerde (gazanlarda) bişirilýär. Ýagny mantylar ol pitiniň içi deşik-deşik demir gapaklarynyň üstüne ýerleşdirilýär, olaryň gapaklara ýelmeşip galmazlygy üçin ilki gapaklaryň ýüziine ýag çalynýar. Soňra pitä  suw guýup, ol oduň üstüne goýulýar. Mantylar gaýnayan suwuň gyzgyn buguna 35-45 minutda gowy bişýärler. Saçaga äberilende, üstüne gaýmak ýa da süzme dökülip äberilýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder