Magtymguly pyragy

ÇORBA/ Mäş çorbasy

Taýýarlamak üçin: (4 adamlyk)
250 g (1¼ bulgur) mäş
5 nahar çemçesi ösümlik ýagy
1 nahar çemçesi un
1½ l (6 bulgur) suw
1 çaý çemçesi duz
Gazana ýag guýmaly we gyzandan soň, un guýup, bulamaly. Un gyzaryp başlanda suw guýmaly we duz atmaly. Suw gaýnandan soň mäşi ýuwup, gazana guýmaly we bulamaly. Mäş 10 minut gaýnandan soň oduny peseltmeli we gazanyň gapagyny ýapmaly. Mäş ýumşaýança orta otda 20 minut çemesi bişirmeli we arasynda bulamaly.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder