Magtymguly pyragy

Baraýlyň

Duşman geldi Lebap boýun ot eýläp,
Turuň, begler, ol döwüşe baraýlyň!
Şahymerdan Murtezany ýat eýläp,
Boluň, begler, şol soweşe baraýlyň!


Är ýigitler gazat güni çykanda,
Düldül böküp, asman saýy bakanda,
Çaýlar dolup, gyrmyzy gan akanda.
Är deý durup, şol söweşe baraýlyň!


Görogludan şu gün alyp tilsimi,
Kurhan açyp, gel, içeýliň kasamy,
Şu gün bolsun Isgenderiň kysymy,
Är deý durup, şol söweşe baraýlyň!


At, ýaragyň şaý edilsin ýol üçin,
Bagda bilbil, degresinde gül üçin,
Watan üçiň, abraý üçin, il üçin
Är deý durup, şol söweşe baraýlyň!


Şahymerdan gelip, goldar bizleri,
Kyrk erenler ýola saldy sizleri,
Gana boýap üsti-başy, gözleri,
Är deý durup, şol söweşe baraýlyň!


Nesip budur: tiz jan almak borjuňdyr,
Biler bolsaň, magşar güni harjyňdyr,
Türkmen ýigit, Mirhaýdarda hyrçyňdyr,
Är deý durup, şol söweşe baraýlyň!


Seýdi aýdar geçsem şu gün janymdan,
Lebap daşyn boýap gyzyl ganymdan,
Namart ýigit gitsin meniň ýanymdan,
Är deý durup, şol söweşe baraýlyň!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder