Magtymguly pyragy

ÇORBA / GARA ÇORBA (Gowurdak çorba)

Taýýarlamak iiçin: 
0,5 kg. gowurdaga (ýa da 0,5 kg. jylka ete) 
0,5 kg. kartoşka, 
0,5 kg. pomidor, 
200 gr. sogan, 
100 gr. ýag, 
ukrop, petruşka, islege görä duz we burç gerek.



Bu naharyň esasy aýratynlygy (çig ete derek) gowurdak ulanylyp taýýarlanýar. Gowurdagy gazanda eretmeli we üstüne böleklenen sogan, pomidor atyp gowurmyşlamaly. Suw guýmaly we gaýnatmaly. Biraz gaýnansoň, içine kartoşka (käte käşir we noýba hem) atylýar. Muňa ýumurtga atsaň has - da tagamly bolýar. Eger - de taýýar gowurdak tapylmasa, ony çig eti gowrup, şol esasda taýýarlamak - da bolýar.
Bu nahar çorbalygyna iýilse, örän tagamly bir nahardyr, yöne ony çörek dograp (dograljak alan hamyr çöregi bolsa has gowy), onuň üstüne guýup iýmek ýörgünli.
Saçaga çekilende, üstüne biraz süzme dökülip, ýa - da gök otlar sepilip äberilse, naharyň tagamy has - da gowulaşýar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder