Magtymguly pyragy

Gel, Arzygül, görüşeli

Gurbanyň bolaýyn, gaçma,
Gel, Arzygül, görüşeli!
Uýalsaň, ýüzüňni açma,
Gel, Arzygül, görüşeli!


Meniň bozuk köňlüm dyndyr
Rakyplar boýnuny syndyr,
 «Bu» diýp durmak ýaman kyndyr,
Gel, Arzygül, görüşeli!


Men aşygam, gözüm ýaşly,
 Synam dagly, bagrym daşly
 Gara gözli, galam gaşly,
Gel, Arzygül, görüşeli!


Hijr oduna ýana-ýana,
Tapmadym derdime çäre,
 Rähmiň gelsin hassa jana,
Gel, Arzygül, görüşeli!


Bigana tutma özüňni,
Bizden aýyrma gözüňni,
Kän aňry sowma ýüzüňni,
Gel, Arzygül, görüşeli!

Arzym eşit, gözel şahym,
Ot saçar älemge ahym,
Geçirgil, bolsa günähim,
Gel, Arzygül, görüşeli!


Arzygül çykar üçege,
Ýalkymy düşer köçäge,
Ada bilen düş aşaga,
Gel, Arzygül, görüşeli!


Aşyk Seýdi diýer, öldüm,
Gam bile saraldym, soldum,
Senden mähr isteýip geldim,
Gel, Arzygül, görüşeli!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder