Magtymguly pyragy

ÇORBA / MASTAWA ÇORBA

Taýýarlamak üçin: 
0,5 kg. ete 0,5 kg. 
kartoşka, 200 gr. tüwi, 
100 gr. sogan, 
100 gr. pomidor, 
200 gr. käşir, 
0,5 stakan siizme ýa-da gatyk
islege görä duzdur we burç gerek.



Eti maýdarak bölüşdirmeli we gazana atyp, üstüne 2 litr möçberde suw guýmaly we gaýnatmaly. Bir gezek çogandan soňra, ýüzüne çykan köpüklerini aýryň, soňra oňa böleklenen kartoşka atmaly we gaýnamy ýene dowam etmeli.
Soňra başga bir gapda tegelek dogralan sogany, ownuk dogralan käşiri, pomidory gowurmyşlap, gaýnap guran naharyň üstüne guýmaly. Çorba taýýar bolmaga 15 - 20 minut galanda, üstüne 1 käse ýuwlup, arassalanyp goýlan tüwüni hem atmaly. 1-2 sany gyzyl burçy hem atyp, nahar doly taýýar bolýança gaýnatmaly. (Bu naharyň biraz başgaça görnüşde hem taýýarlanyş usuly bar).
Nahary saçaga äbereniňizde, maýda dogralan gök sogan sepip, üstüne gaýmak guýmagy hem unutmaň.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder