Magtymguly pyragy

GYZGYN NAHARLAR / TAMDYRLAMA

Taýýarlamak üçin: 
bir toklynyň (tutuş) etine - 2 kg sogan
1-3 düýp sarymsak
500 g. käşir, sogan
ukrop, petruşka
duz, burç, lawr ýapragy gerek.




Bu nahar tamdyrda bişirilýär.
Toklynyň ýa - da çebşiň etini tutuş - tutuş, uly - uly böleklere (ýagny ony gollara, butlara, oňurgalyk we ş.m.) bölmeli. Soňra et duzlananda duz onuň ähli ýerine deň derman ýeter ýaly, has - da taýýarlanan garyndyny dykar ýaly, etiň ýumry ýerlerini dilişdirmeli. Arassalanan sogany, ukrop, petruşka we gök sogany maýda dograp, lawr ýapragyny hem aralaşdyryp goýmaly. Üstüne duz we burç hem sepip bir sagat ýaly goýmaly.
Aýratyn gazanjygyň içine ýaňky dürüşdäni hem ardylan kädidir kartoşkany, noýbadyr käşiri, pomidory salmaly. Tamdyrda ojardan ot ýakmaly. Tamdyr gaty gowy gyzansoň, içi zatly gazanjygy - da közüň üstünde jaýlaşdyrmaly. Soňra 2 sany ýogyn simi tamdyryň agzyna germäp, toklynyň gol we butlaryny halkalar üsti bilen şol simlere saraşdyryp (ýa - da ol yogyn simleriň özüni göni etleriň bir ujundan geçirmek bilen) şoňa berklemeli. Garaz amatly usulyny tapyp, etleri asyp goýmaly. Etleri sallanyňyzdan soňra, onuň hiç bir ýerinden bug çykmaz yaly, iki ýanky köiük deşiklerini hem gowy ýapmaly (ýa - da suwamaly). Soňra tamdyryň agzyny hem oňa laýyk gazan (ýa - da gapak bilen) ýapyp, oňatja suwamaly. Şeýlelikde, şol etleri (bişirilýän malyň ýaş we garrylygyna görä)
1,5 - 2 sagat töweregi şo halda saklaraaly. Şonda aşakdaky gapda (gazanda) goýlan suw gaýnap, onuň buglary ýokary göterilip, etlere siňer. Netijede etiň ýagy eräp, özi buga bişip, ergin şireleri aşakda goýlan gazana damar we raundan örän tagamly çorba emele geler.
(Tamdyrlama owlak etinden edilende, nahar 30 - 40 minudyň dowamynda taýyn bolýar. J üýjeden edilende bolsa, nahar 20 - 30 minutda taýýar bolýar).
Nahar saçaga çekilende, çorbasy käselere guýlup, etlerden aýry äberilýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder