Magtymguly pyragy

Pisada döndi

Bu ýyl bir ýaman ýyl bolup,
Haýr işler pisada döndi.
Ähli-diller bidil bolup,
Şatlygy naşada döndi.


Zebun geçdi niçe aýlar,
Örtendi pakyrlar, baýlar,
Ne ajaýyp abat jaýlar
Ýykyldy, bibada döndi.


Garny doýman aşdan-nandan,
Halaýyklar geçip jandan,
Begzadalar çykyp sandan,
Maslahat betzada döndi.


Süýthor baýlar wagtyn tapyp,
Gezer pakyrlary çapyp,
Jomartlar suprasyn ýapyp,
Satygçy hannada döndi.


Göterlip mähri-şepagat,
Gidipdir sabry-kanagat,
Köňli ýumşak, ähli-tagat
Binurbat jellada döndi.


Mally gurradyr malyna,
It aglar garyp halyna,
Şum hannadyň ykbalyna
Gamly güni şada döndi.


Ogul ata hyzmat kylmaz,
Ata hem ogluny bilmez,
Dogan dogana göz ilmez,
Her haýsy bir ýada döndi.


Bu gymmatlyk boldy uzak,
Tozdy garagalpak, gazak,
Bir nan üçin gurup duzak,
Il bary saýýada döndi.


Bereket gidip bar zatdan,
Ynsap gidipdir hannatdan,
Şalar düşüp adalatdan,
Işleri bibada döndi.


Köp mahallar gussa ýutup,
Bu günler hem gider ötüp,
Gudrat bilen derýa tutup,
Misli bir polada döndi.


Il gelsin diýp ystygfara,
Seýdi sözleýir bir para,
Her kim sygynsa gaffara,
Müşgüli güşada döndi.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder