Magtymguly pyragy

Boldugy bardyr

Biziň ärsarynyň goç ýigitlerniň
Her zaman başy jem boldugy bardyr;
Mejlis içre gülgün şeraplar içip,
Şady-horram oýnap güldügi bardyr.


Türpe edeplidir otursa-tursa,
Bary gulak goýar, biri gep ursa,
Her ýerde özünden ulyny görse,
Onuň gadryn ýagşy bildigi bardyr.


Ýagşysy, ýamany aýly-saýlydyr,
Ata çyksa, ýaraglydyr, şaýlydyr,
Guýma sagdyk, ispyhany ýaýlydyr,
Görenler haýrana galdygy bardyr.


Goçaklar döwtalap dursa meýdanda,
Gaýry muhannesler hiç bolmaz sanda,
At ýykylyp, ýoldaş galsa meýdanda,
Dönüp-dönüp naýza saldygy bardyr.


Algyr guş dek sagy-soluna bakyp,
Günde at oýnadyp, meýdana çykyp.
Kanda ganym görse, atyndan ýykyp,
Golun baglap, alyp geldigi bardyr.


Seýilhan ulusy Ärsary baba,
Her kim deger bolsa, galar gazaba,
Hyzmatynda galandyr çoh sogaba,
Ajyzyna nazar saldygy bardyr.


Kirewke egninde, tuwulga serde,
Isteseň tapylar, her şury-şerde,
Külli türkmen, özbek ýygylan ýerde
Owal başda abraý aldygy bardyr.


Gündizine awlar sonany, gazy,
Gijesine gurar söhbeti-sazy,
Seýidi dek şahyrlaryň owazy
Bu ýalan jahana doldugy bardyr.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder