Magtymguly pyragy

HAMYRLY NAHARLAR / GUTAP

Taýýarlamak iiçin: 
100 gr. ete - 200 gr. un
150 gr. sogan
25 gr. mesge 
pomidor
bolgar
burç, duz we burç gerek.



Gaýmaga (eger - de ol ýok bolsa, azajyk mesge ýa - da saryýag garylan gatyga) hamyr etmeli. Oňa az - kem nahar soda hem garylyar. Hamyr juda gowşak - da bolmaly däl. Hamyr dynjyny alýança, 
ýaglyrak eti ownuk dogralan sogan bilen garyşdyryp, et maşyndan geçirmeli. Oňa duz, gara burç (islense pomidor we bolgar burç hem) garmaly.
Taýýar bolan hamyrdan aşyk ýalyrak möçberde alyp, ýaýmaly. Soňra taýýarlanan et garyndysyndan alyp, tegelek hamyryň deň ýarynyň üstüne tekiz ýaýratmaly. Soňra etsiz galan tarapy bilen onuň üstüni örtüp, gyra seplerini büküp ýelmeşdirmeli.
Howurpeje salyp bişirmezden ozal, üstüne ýumurtga sarysy çalynsa, endigan gyzarar we owadan bolar.
Bu nahary tamdyrda hem bişirmek bolýar. Galyberse - de, gutaby içine ete derek kädi, ysmanak, selme, semzek, narpyz, şugundyr ýapragy, kömelek ýaly önümler salyp - da taýýarlamak bolar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder