Magtymguly pyragy

Mollanepes

Gaflat ukusynda galdyň,
Oýan imdi, Mollanepes!
Kä sargaryp, kähi solduň,
Oýan imdi, Mollanepes!


Hijran bile bagr daglaşar,
Seni görsem diýp çaglaşar,
Söwer ýaryň çoh aglaşyr,
Oýan imdi, Mollanepes!


Bu dünýäge dürler doldy,
Aýlar ýaşdy, günler galdy,
Turgul imdi, wagt boldy,
Oýan imdi, Mollanepes!


Bir ýar geldi alma-narly,
Bilbil zenahdan, güftarly,
Gaflat ukusynda zarly
Galdyň, oýan, Mollanepes!


Sen çekip sen köp pyraky,
Bu dünýä imesdir baky,
Ýaradypdyr hijran oky, —
Degdi, oýan Mollanepes!


Ýad eýlegil sewer ýary,
Ak göwsünde alma, nary,
Çolanmyşdyr zülpi-tary...
Oýan imdi, Mollanepes!


Gara gözler seň kastyňa,
Mahmal ýazdy ýar astyňa,
Ala öýme, al üstüňe
Atdy, oýan, Mollanepes!


Ýeter erte magşar güni,
Gagşadar janlary, teni,
Ýar ukuda diýip, seni
Öpdi, oýan, Mollanepes!


Sen galyp sen ýürek daglap,
Biliňni hijrana baglap,
Ýufar alyp, köp sylaglap,
Sepdi, oýan, Mollanepes!


Nepes, gelgin sen huşuňa,
Köp oýun geler başyňa,
Emaý bilen ýar daşyňa
Duzak gurdy, Mollanepes!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder