Magtymguly pyragy

KEBAPLAR / ÇOPAN ÇIŞLIGI

Taýýarlamak üçin: 
1,5 - 2 kg. ete - 150 gr. sogan
gök sogan
ukrop, duz
burç, sirke gerek.



Täze soýlan malyň jylka etinden alyp, 30 - 40 gr. möçberde bölüşdirmeli.
Ony ownuk dogralan sogan , duzdur gara burç sepip garyşdyrmaly. Üstüne az - kem sirke damdyryp (bar bolsa nar ýa - da limon suwuny da sepip), agzyny ýapyp salkyn bir ýerde 5-7 sagatlap goýmaly.
Çişlik bişiriljek odunyňyz agaçlyrak bolup, ol ojar, erik, tut ýa da üziim agajy bolsa has ýagşy. Odunlar ýanyp bolansoň, üstüne biraz suw sepeläp, et dliziilen syhlary közler üstünde (ýa - da ýanýan ojaryň yalnynda) goýraaly. Aram - aram agdaryp - öwrüp durmaly.
(Çişligi böwrekden, bagyrdan, gapyrgadan, guş etinden ýa - da balykdan hem taýýarlamak bolar).
Saçaga äberilende üstüne ownuk dogralan sogan sepip berilse has tagamly bolýar.


Çişligi saçda (tabada), howurpeçde, gazanda hem bişirmek bolýar:

1Tabada bişirilişi:

Taýýarlamak üçin: 
1,2 kg. ete 2 düýp sogan
8 ýumurtga
100 gr. ýag
duz, burç we gök otlar gerek.





  1. Tabada bişirilişi: Ortaça ýaglylykda bolan goýun etini et üwelýän maşyndan geçirip, oňa ownuk dogralan sogan, duz, burç goşýarlar we bularyň baryny bilelikde gowy garyşdyrýarlar. Emele gelen garyndyny her biri 100 - 120 gr. çykar ýaly böleklere bölýärler, togalaýarlar we tabada (saçda) her bir tarapy gowy bişer ýaly, ýanan ýag içinde gowuryarlar.
Ýumurtgany kerçelen gök ot bilen garyp, ony tabadaky et togalaklarynyň üstüne dökýärler, soňra ony tabasy bilen bilelikde 1 -2 min. gowy gyzan howurpejiň içinde goýýarlar. Saçaga çekilende tabasy bilen goýulýar.





2 Taýýarlamak üçin: 
1 kg ete - 40 g. 3% - li sirke (uksus) suwuklygy, 
3 4 düýp sogan, 
100 g. ösümlik ýagy, 
duz, burç we otlar gereK





 2.  Gazanda bişirilişi: Goýnuň etini ownujak böleklere bölýärler, duzlap, burçlap, soňra dogralan düýp sogan                bilen garýarlar. Soňra ony sirke (uksus) suwuklygyny sepip, 4-8 sagatlap, salkyn ýerde goýýarlar.
Soňra gazanda ýagda gowurýarlar. (Az yagda gowurmalydyr).
Saçaga çekilende aýratyn tabaga salnyp, üstüne gök otlar goýlup berilýär, ýany bilen üzüm şiresi äberilýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder