Magtymguly pyragy

Ýaňaklaryň alyna

Söwdügim, gül özün para eýlemiş,
Reşk ediban ýaňaklaryň alyna.
Akmaga gül özün para eýlemiş,
Ynanyp, dünýäniň mekru-alyna.


Şirin lebiň meňzär asala, ganda,
Men senden aýrylyp, gideýin kanda?
Yşkyňda gark olmuş jigerim ganda,
Ynanmasaň, bakgyl eşkim alyna.


Ýar ýaryny, ýarym, söýen ýaraşyr,
Gel birzaman bize söýen ýaraşyr,
Diýseň: «Nesimi dek soýan ýaraşyr»,
Herne kylsaň, ygtyýaryň alyna.


Gözleýeňde iki çeşmi-göz bilen,
Rakyp ölsün hesret bilen, köz bilen.
Dilber, meni ýene böhtan söz bilen,
Salmaýa sen bir zalymyň alyna.

Çeşmimden akyzyp, ganly ýaşymy,
Ýoluňda sarp etdim herne ýaşymy,
Uly aňlar, hergiz bilmez işimi,
Dilber, senden niçik köňül alyna?


Aşykdyr sen inçge bile, Seýidi,
Her jepany rahat bile Seýidi,
Ýörmüş diýip ýaman bile Seýidi,
Meni aýp edeniň gelsin alyna.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder