Magtymguly pyragy

ÇORBA / NOÝBA НЕМ MÄŞ ATYLAN KÄDILI ÇORBA

Taýýarlamak üçin: 
1 kg. keidi, 
0,5 kg. pomidor, 
300 gr. mäş, 
300 gr. noýba, 
100 gr. ösümlik ýagy, 
3-4 düýp sogan, 
60 gr. mesge 
ukrop, gök sogan, burç we duz gerek.


Gazanda ýagy gowy ýakmaly, üstüne tegelek dogralan sogan atyp gowurmyşlamaly. Şol wagt pomidor hem salynýar. Suw guýmaly. Guýlan suwda noýba bilen mäşi möçbere görä atyp gaýnatmaly. Duz bermeli. Gaýnap durka arassalanan kädini böleklere bölüp (5:5 sm) çorbanyň içine atmaly. Nahar saçaga çekilende her okara azyndan iki bölek kädi salmaly. Ownuk dogralan gök sogandyr ukrop sepişdirip, ýany bilen mesge hem goýulýar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder